Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hijaply balerina


Stephanie Kurlow
Stephanie Kurlow

Ökde balerina Stephanie Kurlow sahnada çykyş edeninden soň özüni ýazgarýan hatlar alýandygyny aýdýar.

14 ýaşyndaky awstraliýaly balerina beýleki balerinalardan düýpgöter tapawutly, ýagny ol sahna hijaply çykýar. Özüni ýazgarýanlara gulak asmaýan Stephanie Kurlowa, özüniň ilkinji hijaply balerina höküminde taryhda at galdyrmagyny arzuw edýär.

"Musulman bolmagym meni tapawutly görnüşde tans etmäge iterýär. Yslam - päkdir we men özümi şeýle ýagdaýda Alla has ýakyn duýýaryn" diýip, ol CNN bilen geçiren gürrüňdeşliginde aýdypdyr.

Sidneýiň golaýynda kemala gelen Kurlow, 2 ýaşyndan bäri balet bilen meşgullanýar. Ol hemişe uly balet sahnalaryna çykyp, çykyş etmegiň arzuwyndadyr.

Kurlow 9 ýaşyna gadam basanda onuň maşgalasy ähli agzalary bilen yslam dinine geçipdir. Onuň awstraliýaly ejesi, ors kakasy we iki dogany gurhan okamaga we günde hem bäş wagt hem namazy berjaý etmäge başlapdyrlar.

Ondan soň Stephanie bir salym balede gatnamagy goýupdyr. Ýöne bu ýagdaý gaty uzaga çekmändir. Ol, balet sahnasyny küýsäpdir. Ahyrynda dine görä etegi uzyn we hijaply balerina eginbaşyny geýen Stephanie hepdede 30 sagat balet bilen meşgullanmaga başlapdyr. Ol "Üç ýylda ýokary derejelere eýe boldum" diýip, buýsanç bilen belläpdir.

Dini ynanjyny ýa-da hijabyny öz sungat ösüşine päsgelçilik hasaplamaýan ol gyz, gaýtam özüni ussat balerinalar ýaly yhlas bilen sungatyň çuňluklaryna aralaşmaga doly taýýar hasaplaýar.

Ol asly hytaýly bolan awstraliýaly balerina Li Junhinden ylham alýar. Stephanie: "Li hem tanymal balerina bolmak üçin gaty köp päsgelçiliklere we kynçylyklara döz gelmeli bolupdyr" diýýär. Onuň aýtmagyna görä, hut şeýle sebäpden LaunchGood "fandreyzing" tagalla kampanýasyny başladypdyr. Bu tagalla kampaniýasynyň maksady, onuň sungat tälimini almagyna we wagty gelende hem bir gün ähli dinlere açyk bolan bir akademiýa döretmegine kömek etmegi göz öňünde tutýar.

Stephanie hem özi ýaly ýaş musulman gyzlara ylham çeşmesi bolmak isleýär. "Kiçijik musulman gyzjagazlar, özüni hijaply ýagdaýda has tapawutly we owadan duýmak isleýändiklerini aýdýarlar" diýip, ol höwes bilen gürrüň berýär.

Stephanie, sosial ulgamlar we elektronik hat salgylarynyň üsti bilen has köp goldaw alýandygyny aýan edipdir.

"Meniň pikrime görä, balerinalaryň şeýle agzybirlikde goldaw bermegi gowulygyň alamatydyr. Köwüşlerimiziň içinde aýaklarymyz agyrsa-da biz hiç haçan çekýän agrymyzy özgelere ýaňzytmaýarys" diýip, ýaş balerina Stephanie Kurlow gürrüň beripdir.

XS
SM
MD
LG