Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Abraýly ýazyjy ýurduň daşyna çykarylmady


Ýazyjy Akram Aýlisli
Ýazyjy Akram Aýlisli

Azerbaýjanly meşhur ýazyjy Akram Aýlisli Bakuwyň aeroportunda gysga wagtlyk tussag edildi we Italiýada edebiýat boýunça geçýän festiwala gitmekden mahrum edildi.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi 78 ýaşly Aýlisliniň aeroportda bolan “hadysa” bilen baglylykda tussag edilendigini aýtdy. Ministrlik jikme-jik maglumat bermedi.

Aýlisliniň ogly Najaf Naibow kakasyna ýurdy terk etmegiň gadagan edilendigini serhetçileriň aýdýandygyny habar berdi.

Aýlisli Daglyk Garabagda azerbaýjanlaryň we ermenileriň arasyndaky çaknyşyklar barada “Daş arzuwlary” atly eserini çap edendigi sebäpli 2012-nji ýyldan bäri häkimiýetleriň basyşy astynda galýar. Esasan ermeni ilatly Daglyk Garabag 1990-njy ýyllaryň başynda Azerbaýjandan bölünipdi.

Romanyň çap edilmeginden soň ýazyjy Halk ýazyjysy adyndan we prezident tarapyndan berlen pensiýadan resmi taýdan mahrum edildi. Şeýle-de Aýlisli Azerbaýjanyň ýazyjylar bileleşiginden çykaryldy.

2013-nji ýylda hükümete tarapdar partiýa Aýlisliniň gulagyny kesen adama 12700 amerikan dollary möçberde baýrak hödürledi.

XS
SM
MD
LG