Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Kerriniň saparyndan soň partlamalar boldy


Jon Kerri prezident Aşraf Gani bilen bilelikde gurnan metbugat ýygnagynda «Talybany» hökümet bilen göni parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamaga çagyrdy.
Jon Kerri prezident Aşraf Gani bilen bilelikde gurnan metbugat ýygnagynda «Talybany» hökümet bilen göni parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamaga çagyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri owgan paýtagtyna garaşylmadyk sapar bilen gelip-gideninden gysga wagt soň Kabulyň diplomatik töwereklerinde azyndan iki bombanyň partlandygy eşidildi. Pidalar hakynda maglumat berilmedi.

9-njy aprelde bolan partlamalar wagtynda tüpeň sesleri hem eşidildi.

Bu partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma ozal «Talyban» pitneçileri şäherdäki resmi we daşary ýurt nyşanalaryna hüjüm edipdiler.

Kerri prezident Aşraf Gani bilen bilelikde gurnan metbugat ýygnagynda «talybany» hökümet bilen göni parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG