Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda rektorlar çalşyryldy


Aşgabat, studentler
Aşgabat, studentler

Türkmenistanda ýetip gelýän giriş ekzamenleriniň öňünden ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesiniň rektorlary çalşyryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň rektory Meret Aşyrbaýewiň ýerine Hajymuhammet Geldiýew rektor bellenildi. Ol ozal bu uniwersitetiň ylmy işler boýunça prorektory bolup işleýärdi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutynyň rektorynyň wezipesine Orazgeldi Gurbanow bellenildi, ol ozal Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň direktory bolup işleýärdi.

Ozalky rektor Gülşat Orazmuhammedowa Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Prezidentiň ýene bir karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Gurbanmyrat Mezilow Halkara Türkmen-türk uniwersitetiniň rektorlygyna geçirildi, öňki rektor Suwhanberdi Baýmyradowyň Goranmak ministrligine işe geçirilendigi aýdylýar.

Şeýle-de prezident Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Ş.Atanyýazowany eýeleýän wezipesinden boşadyp, Ministrler kabinetinde bilim we jemgyýetçilik boýunça baş hünärmen wezipesine belledi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Saparberdi Çaryýewe işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç berildi.

Ýetip gelýän giriş ekzamenleriniň öňünden amala aşyrylan kadr çalşygynyň ýurduň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG