Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Stawropolda üç hüjümçi özüni partlatdy


"Interfax” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Orsýetiň Stawropol regionyndaky obada janyndan geçen üç bombaçy özüni partladypdyr.

11-nji aprelde bolan partlamada bombaçylardan başga hiç kim heläk bolmady diýip, “RIA” habar agentligi mälim edýär.

“Interfax” habar agentliginiň maglumatynda hüjümçileriň özüni ýurduň Içeri işler ministrliginiň ýerli edarasynyň daşynda partladandygy habar berilýär.

Bu barada henize çenli goşmaça maglumat berilmeýär.

Orsýetiň Stawropol sebiti Demirgazyk Kawkaz regionynyň golaýynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG