Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz paýtagtynda protest gurnaldy


Bişkek protestçileri
Bişkek protestçileri

Bişkekdäki adam hukuklary aktiwistleri Gyrgyzystanyň parlament binasynyň daş işigine toplanyp, deputatlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýan «daşary ýurt agentleri» kanunyna garşy protest bildirdiler.

Şunuň ýaly kanun Orsýetde dört ýyl ozal kabul edilipdi. Bu kanun söwda etmeýän we syýasat bilen ilteşikli jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt çeşmelerinde maliýe kömegini alan ýagdaýynda, «daşary ýurt agentleri» diýlip tagmalanmagyny talap edýär.

Orsýetiň jemgyýetçilik guramalary bu kanunyň öz ýurtlarynda başga pikirlileri ýuwaşatmak üçin ulanylandygyny aýdýarlar.

Gyrgyz deputatlary bu kanun taslamasyny geçen aý, ikinji okaýyşda kabul etdiler. Eger ol üçünji okaýyşda hem parlament tarapyndan tassyklansa, prezidentiň gol çekmegine iberiler.

Prezident Almazbek Atambaýewiň bu kanuna gol çekip-çekmejegi bada-bat belli bolmady.

XS
SM
MD
LG