Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Hroýsmany reformalary amala aşyrmaga çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden (Joe Biden).
Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden (Joe Biden).

Ak tamyň berýan maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden (Joe Biden) telefon arkaly gepleşikde Ukrainanyň täze premýer-ministri Wolodymyr Hroýsmany ýurtda reformalary gyssagly amala aşyrmaga çagyrypdyr. Bu waka 14-nji aprelde ukrain parlamenti täze premýer-ministri saýlandan soň boldy.

Baýden Hroýsmany täze eýeleýän wezipesi we ukrain kanunçykaryjylarynyň täze kabineti tassyklamagy bilen gutlap, Kiýewe berilýän halkara goldawyny ugrukdyrmak üçin “täze toparyň reforma programmasy boýunça çalt depgin bilen öňe tarap hereket etmelidigini” belledi diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

Gürrüňi edilýän reformalaryň düzümine Ukrainanyň Halkara Walýuta fondunyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, gündogar Ukrainada Orsýete tarapdar separatistler bilen konflikti düzgünleşdirmegi maksat edinýän Minsk ylalaşygyny amala aşyrmagy ýaly borçnamalar girýär diýip, Ak tam habar berýär.

XS
SM
MD
LG