Sepleriň elýeterliligi

Bäş klassyk ýazyjynyň halaýan kitaplary


Kitaplar.

Kitaplar.

WLADIMIR NABOKOW

W. Nabokow 1950-nji ýylda "The Paris Review" žurnaly bilen geçiren söhbetdeşliginde özüçe iň gowy edebi eserleriň şulardan ybaratdygyny aýdypdyr:

Jeýms Joýs (J. Joyce) "Uliss”

F. Kafka "Üýtgemek"

Andreý Belyý "Peterburg"

M.Proustyň “Öten zamanyň gözleginde” eseriniň birinji bölegi.

WLADIMIR NABOKOW

WLADIMIR NABOKOW

REÝ BREDBERI (RAY BRADBURY)

R. Bredberi 83 ýaşy dolanda beren bir interwýusynda şeýle diýipdir:

"Jorj Bernard Şouň saýlanan eserleri adamzat taryhynyň bir asyryny we hatda ondanam köp wagtda goýalan akylyny suratlandyrýar.

Loren Eisley atly ýazyjynyň kitaplaryny gaty halaýaryn. Ol soňky 40 ýylyň iň gowy şahyry we esseistimizdir.

Melwilleniň “Mobiý Dik” ("Moby Dick") atly romany. Bu kitabyň mende galdyran täsiri 50 ýyldan hem köp wagta çekdi".

REÝ BREDBERI.

REÝ BREDBERI.

Edgar Raýse Burroughsyň ýazan "John Carter. Warlord of Mars" ady bilen çykarylan saýlanan eserlerini hem diýseň halaýaryn. Ol saýlanan eserler meniň ruhy dünýäme 10 ýaşymdakam girdi. Onsoň bir gün tomusda meýdana çykdym we ellerimi ýokaryk galdyryp, Marsdan meni öýe äkitmegini isledim. Şondan soň az wagtdan özüm hem çeper eser ýazmaga başladym we Burroughsyň ylhamy bilen henizem ýazyp gidip otyryn”.

JEÝN OSTIN (JANE AUSTEN)

Jeýn Ostin “Ulumsylyk we güman”, “Emma” ýaly klassyk romanlaryň awtorlaryny diýseň sylaýandygyny aýdyp, özüniň haýsy kitaplary has gowy görýändigi baradaky gürrüňi şeýle dowam edipdir:

“Lord Baýronyň "Korsar" poemasyny, Madame de Genlisiň “Olimp we Teofile” ("Olimpe and Theophile"), Anne Radcliffeniň "Udolf köşgüniň syrlary” atly kitaplary, iň halaýanym bolsa Samuel Richardsonyň "Ser Charls Grandison" atly epistolýar romany”.

JEÝN OSTIN (JANE AUSTEN)

JEÝN OSTIN (JANE AUSTEN)

MARK TWEN (MARK TWAIN)

Mark Twen 1887-nji ýylda bir ruhanynyň (gürrüň Charles D. Crane hakda barýar) beren sowalyna "Ýaşlaryň hökman okamaly we özüniň hem diýseň halaýan" kitaplary barada şeýle diýipdir:

1. Thomas Carlyle "Fransuz rewolýusiýasy"

2. Thomas Malory "Korol Artur"

3. “Müň bir gije” atly kitap

MARK TWEN (MARK TWAIN)

MARK TWEN (MARK TWAIN)

SAMUEL BEKET (SAMUEL BECKETT)

“Kodo hasraty” atly dünýä meşhur pýesanyň awtory, edebiýatda bilinýän gylyklaryň biri bolan şöhratparazlyga ýüz urmadyk, we modernizmiň klassyklarynyň biri hasaplanýan Samuel Beket 1969-njy ýylda Nobel baýragyny alýar. Emma ol şondan soň hem öz asly bolşuny, gylyk-häsiýetini üýtgetmän saklaýar.

Bu ýazyjy baradaky maglumatlary öwrenmek isleýänler onuň 1941-nji ýyldan 1956-njy ýyla çenli dostlaryna ýazan hatlaryndan peýdalanýarlar. Ol bu hatlarynda özüniň gaty gowy görýän kitaplaryndan söz açýar. Hatlarda beýan edilişine görä, onuň halaýan kitaplary, ynha, şulardan ybarat:

Žýul Wern (Jules Verne) “Dünýäniň daşyna 80 günlük syýahat”, Teodor Fontan (Theodor Fontane) "Effi Briest". Ol “Bu eseri dört gezek okadym, her gezegem haçan-da gadymy ýerler hakdaky sahypalary okanymda gözýaşlarymy saklap bilmezdim" diýip ýatlaýar. Ol J.D. Selinjeriň (J.D.Salinger) “Uçudyň gyrasynda, çowdarlykda” atly romanyny hem dostlaryna ýazan hatlarynda "gaty köp wagtlap iň halan kitabym" diýip görnüşinde ýatlaýar.

SAMUEL BEKET (SAMUEL BECKETT)

SAMUEL BEKET (SAMUEL BECKETT)

XS
SM
MD
LG