Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Owgan mekdepleri, keselhanalary howp astynda


Owganystanyň mekdepleriniň birinde okaýan okuwçy gyzlar. 22-nji mart, 2016 ý. Hyrat.
Owganystanyň mekdepleriniň birinde okaýan okuwçy gyzlar. 22-nji mart, 2016 ý. Hyrat.

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Owganystandaky mekdepleriň we saglygy saklaýyş desgalaryň howp astyndadygyny aýdyp, munuň çagalaryň bilim we saglyk bejergisini almagyny kynlaşdyrýandygyny belleýär.

18-nji aprelde BMG-niň Owganystandaky Ýardam missiýasy we BMG-niň Çagalar fondy (UNICEF) tarapyndan ýaýradylan hasabatda geçen ýyl konflikt wakalary bilen ilteşikli 257 hadysanyň hasaba alnandygy habar berilýär. Bu görkeziji 2014-nji ýylda 130-a barabardy.

2015-nji ýylda 63 sany saglyk işgäri öldürildi. Olaryň aglabasy geçen ýylyň oktýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň Gunduz şäherindäki keselhana eden howa zarbalarynda heläk boldy. 2014-nji ýylda bolsa, 25 sany saglyk işgäri heläk bolupdy ýa-da ýaralanypdy.

BMG-niň raportynda 2015-nji ýylda 66 sany saglyk işgäri alnyp gaçylan bolsa, 2014-nji ýylda bu san 31-e deňdi diýilýär.

XS
SM
MD
LG