Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Orsýetiň iki raýaty höküm edildi


Ukrainany[ harby piloty Nadýa Sawçenko.
Ukrainany[ harby piloty Nadýa Sawçenko.

Ukrainanyň bir kazyýeti Orsýetiň iki raýatyny ýurduň gündogarynda Moskwa tarapdan goldanylýan separatistleriň hatarynda söweşmekde günäläp, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

18-nji aprelde, Aleksandr Aleksandrow bilen Ýewgeniý Ýerofeýow höküm edileninden az wagt soň, Kreml ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen ors prezidenti Wladimir Putiniň iki orsýetliniň, şeýle-de ukrainaly harby pilot Nadýa Sawçenkonyň "ykbaly" hakda telefon arkaly gürleşendiklerini aýtdy. Sawçenko Orsýetde adam öldürenlikde aýyplanyp tussag edildi.

Kreml bu barada açyk bir zat aýtmasa-da, synçylaryň aglabasy Kiýew kazyýetiniň ors raýatlaryna garşy çykaran hökümi tussaglaryň çalşylmagyna ýol açar diýip çaklaýarlar.

Poroşenko iki ors raýatyny ýurtda milli gahryman hasaplanýan, özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýän Sawçenko bilen çalyşmagy ozal teklip etdi.

“Goşuna degişli däl”

Poroşenkonyň administrasiýasynyň bildirmegine görä, ukrain lideri Sawçenkonyň saglyk ýagdaýyna salgylanyp, Moskwany ony "derhal" boşatmaga çagyrypdyr.

Ukrainanyň Holosiýw etrap kazyýeti iki orsýetlini terrorçylykda we agressiw harby işjeňlikde günäli tapyp, olara şol gün ýyl kesdi.

Günäsizdiklerini aýdýan orsýetliler 2015-nji ýylyň maý aýynda Ukrainanyň Lugansk etrabynda ele salnanlarynda özleriniň Orsýetiň harby işgärleridiklerini boýun alypdylar. Olar indi bu beýanaty gorky astynda berendiklerini aýdýarlar.

Ýerofeýow bilen Aleksandrow Ukrainanyň meýletin söweşijileri tarapyndan tutulanlarynda Orsýet olaryň hiç biriniň goşuna degişli däldigini aýtdy.

Moskwa gündogar Ukrainada hökümet güýçlerine garşy söweşýän separatistleri ýarag, türgenleşik we harby işgärler arkaly goldaýandygyny inkär edip gelýär. Ýöne garaşsyz synçylar, žurnalistler we resmi gözegçiler munuň tersini görkezýän birgiden subutnama topladylar.

Tussaglary çalyşmak

Ukrain kazyýetiniň çykaran karary bilen Orsýetiň tussaglary çalyşmak üçin gerekli diýýän şertleri ýerine ýetirilýär. Ol iki orsýetli tussagyň we Sawçenkonyň garşysyna çykarylan sud hökümini hem öz içine alýar.

Öten aý Orsýetiň Rostow etrabynyň bir kazyýeti Sawçenkony 2014-nji ýylyň iýun aýynda gündogar Ukrainada iki sany orsýetli žurnalistiň öldürilmeginde eli bar diýip aýyplap, 20 ýyldan hem köp türme tussaglygyna höküm etdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkon Sawçenkonyň boşadylmagyny gazanmak üçin özüniň Orsýet bilen tussaglary çalyşmaga meýillidigini ençeme gezek gaýtalady. Kreml hem bu mümkinçiligi hiç haçan ret edenok.

Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagy bilen baglylykda Orsýetiň kazyýetleri Ukrainanyň azyndan 11 raýatyna, şol sanda režissýor Oleh Sentsowa hem iş kesdiler. Moskwa tussaglary çalyşmak mümkin bolan halatynda, bulary boşatmak barada oýlanjakdygyny duýdurdy.

Halkara synçylar soňky aýlarda söweşleriň az-kem artandygyny belleseler-de, 2015-nji ýylyň fewralynda atyşyklary bes etmek boýunça baglaşylan geleşik belli bir derejede saklanýar.

Söweşlerde 9100-den agdyk adam ölüp, 21 müň çemesi adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG