Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Jeňçiler bilen gatnaşykda aýyplanýan maşgala gysylýar


Mawlýuda Şaripowa

Mawlýuda Şaripowa

Bir gyrgyz obasynyň ilaty Siriýadaky jeňçiler bilen gatnaşykda aýyplanýan maşgalany obadan kowmak isleýär.

Günorta-gündogar Gyrgyzystanda ýerleşýän bir gyrgyz obasynyň ýerli geňeşi, jeňçiler bilen gatnaşykda aýyplanýan maşgalany kowjak bolýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, agzalýan maşgaladan azyndan bir erkek kişi Siriýadaky yslamçy jeňçileriň hataryna goşulypdyr.

Jemgyýetçilik esasyndaky ýerli ýolbaşçy Atahan Danikulow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna Mahmudowlaryň maşgalasyny geçen aýlarda Jalal-Abad welaýatynyň Kazhar obasyndan iki gezek zor bilen göçürjek bolandyklaryny, ýöne munuň başa barmandygyny gürrüň berýär.

Sany ýüz elliden gowrak bolan bu obanyň ilaty geçen hepde Muhmudowlaryň garşysyna arza gol çekdiler. Ýerli ýolbaşçy olaryň maşgala agzasynyň daşary ýurtda söweş tilsimlerini öwrenýändigini aýdyp, munuň oba ilatyna howp salyp biljekdigini öňe sürýär.

Käbir resmileriň, suduň karary bolmazdan zor bilen göçürmegiň mümkin däldigini aýtmagyna garamazdan, ýerli Geňeş obalylaryň 23-nji aprelde belli boljak öz kararyna garaşýar.

Jalal-Abad polisiýasynyň aýtmagyna görä, Mahmudowlaryň maşgalasyndan 20 ýaşlaryndaky we öň medresede okan biri 2015-nji ýylda yslamçy jeňçilere goşulypdyr. Bir rus habar agentliginiň tassyklanmadyk maglumatyna görä, ol oglan eýýäm söweşde ölüpdir.

Ýaş oglanyň ejesi Mawlýuda Şaripowa geçen ýylyň maý aýynda öz adamsyna, ýagny 52 ýaşly Haýrulla Mahmudowa ogullarynyň gözleginde Türkiyä gidýändigini aýdypdyr.

Mawlýuda obadaky goňşularynyň öýkesiniň, maşgalanyň öz ogullaryny yzyna gaýtaryp getirmek bilen bagly gümürtik gürrüňler sebäpli dörändigini aýdýar.

Mawlýuda Şaripowa birnäçe aý şondan soň Haýrullanyň hem Gyrgyzystandan çykyp gidendigini aýdýar. Mawlýudany bolsa, haçan-da ol iki gyzydyr iki agtygy bilen obadan çykyp, Haýurllanyň ýanyna gitmek üçin Oş welaýatynyň halkara aeroportundan Türkiýä uçjak bolup durka polisiýanyň özlerini tussag edendigini gürrüň berýär.

Aýtmaklaryna görä, Şaripowa dagy soňra ikinji gezekde Türkiýä Moskwanyň üsti bilen uçup bilipdirler, emma welin, Türkiýä baranlarynda türk häkimiýetleri olary Gyrgyzystana, yzyna deport edipdir.

Mawlýuda Şaripowa geçen ýyl Türkiýeden gaýdyp geleninden soň, ol “Adamym öz dosty Ruslan bilen Türkiýä gitdi. Üç aý soňra Ruslan meniň bilen habarlaşyp, adamymyň meni öz ýanyna çagyrýandygyny aýtdy. Ol maňa adamymy iň soňky gezek görüp biljekdigimi aýtdy. Soň menem gorkup, gyzlarymy we agtyklarymy öz ýanym bilen alyp gitdim” diýip, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna gürrüň berdi.

Türkiýeden gaýdyp geleninden soň oňa adamsyndan hat gelipdir. Adamsy oňa hemme zadyň gowudygyny we köp daşaryk çykma diýip sargapdyr.

Obada bolmadyk döwürleri goňşulary Mahmudowlar gorkuly işler bilen meşgullanýandyr diýip güman edipdirler.

“Ol maşgalanyň agzalary Türkiýede alty aý tälim alansoňlar, yzlaryna gelseler biziň ýaşlarymyzyň hem beýnisini ýuwmana çalşarlar öýdüp gorkýarys” diýip, jemgyýetçilik esasyndaky ýerli ýolbaşçy Atahan Danikulow Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Maşgalanyň garşysyna sud işi gozgalmady. Ýöne dekabr aýynda Kazhar obasynyň we goňşy iki obanyň adamlary bir hepde aralyk bilen iki ýygnak geçirdiler. Olar ýygnakda ýerli häkimiýetlerden Mahmudowlaryň maşgalasyny başga bir ýere göçürmeklerini talap etdiler.

Şaripowa Azatlyk Radiosyna öz obadaşlarynyň şol wagt , eger obadan çykmasalar, onda özlerini çydamsyz güne saljakdyklaryny aýdyp, kän haýbat atandyklaryny gürrüň berýär.

Danikulow, aprel aýyndaky bir “waka” bolýança, hemme zadyň düzüw bolandygyny gürrüň berýär. Aýdylşyna görä, bu wakada şol maşgalanyň öz içinde aýallaryň arasynda ýumruklaşma bolupdyr we bu ol maşgala bolan ters garaýşy has hem artdyrypdyr.

Kazhar we başga-da birnäçe ilatly ýerlere wekilçilik edýän Baltagulow oba Geneşiniň resmisi we ol bu obanyň ilatynyň islegine şübheli garaýar.

Baltagulow sebiti boýunça Geňeşiň başlygy Mamadaly Parpiýew aprel aýynyň 18-de, suduň karary bolmazdan, ýerli Geňeşiň kararyna görä hiç kimiň öz ýaşaýan ýerinden zor bilen göçürilip bilinmejekdigini aýdýar. Ol oba ýaşaýjylaryna bu meseläni öz aralarynda gepleşip, çözmegi maslahat berýär.

Gyrgyz häkimiýetleri soňky ýyllarda, arasynda 120-den gowragy aýal-gyzlardan ybarat bolan, iň azyndan 500 sany gyrgyz graždanlarynyň Siriýadaky we Yrakdaky yslamçy jeňçilere goşulandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG