Sepleriň elýeterliligi

NATO- nyň, Orsýetiň wekilleri gepleşikleri geçirdiler


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg.

NATO-nyň wekilleri 20-nji aprelde Brýusselde orsýetli kärdeşleri bilen täzeden gepleşiklere başladylar. Bu gepleşikler, Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alansoň, takmynan iki ýyllap kesilipdi.

Orsýetiň Ukrainadaky konfliktde oýnaýan roly sebäpli 2014-nji ýylyň aprel aýynda iş ýüzünde NATO bilen Moskwanyň arasyndaky ähli graždan we harby hyzmatdaşlyklar kesildi. Bu kararda häzir-de üýtgän zat bolmasa-da, NATO-nyň üstümizdäki aýyň başlarynda bildirmegine görä, kommunikasiýa liniýalary hemişe açyk bolupdyr.

Iki tarapyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin forum bolup hyzmat edýän NATO-Orsýet geňeşiniň duşuşygy gatnaşyklary gowulandyrmak üçin ädilen bir ädim hasaplansa-da, ol Orsýetiň Siriýadaky howa kampaniýasy şeýle hem Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň harby uçarlarynyň arasynda Baltika deňzinde dörän soňky hadysalar sebäpli dartgynlylygyň artan mahalyna gabat gelýär.

Gepleşikleriň öň ýanynda NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg duşuşykdan esasy maksat: "pikir alyşmak, aç-açanlyk, öňdengörüjilige goşant goşmak, şeýle-de ukrain meselesini ara alyp maslahatlaşmak" diýdi.

"Biz dialogdan gaçamzok. Aslynda kyn günlerde, dartgynlylygyň ýokary mahallarynda biz dialog möhüm diýip pikir edýäris" diýip, duşuşykdan bir gün ozal Stoltenberg aýtdy.

Gün tertibinde harby hyzmatdaşlgy gowulandyrmak bilen birlikde Owganystanda barýan uruş-da bar.

Birleşen Ştatlaryň harbylary 12-nji aprelde Orsýetiň iki harby uçarynyň halkara suw giňişliklerinde Amerikanyň bir harby gämisiniň üstünden gyrdyryp uçup, "agressiw" uçuş geçirendigini aýtdylar.

18-nji aprelde hem Pentagon Orsýetiň bir söweş uçarynyň Amerikanyň aňtaw uçaryna "howply derejede" ýakynlaşandygyny bildirdi.

Pentagonyň sözçüsi Jeff Dawis 14-nji aprelde Orsýetiň "Su-27" kysymly uçarynyň Baltika deňziniň depesinde halkara suw giňişliklerinde amerikan uçarynyň 15 metrlik golaýyna gelendigini aýtdy.

Gepleşikleriň öň ýanynda Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow NATO bilen Orsýetiň arasyndaky "ynamsyzlygyň" ýeňip geçmesi kyn derejä ýetmegi mümkin diýip duýduryş berdi.

"NATO-Orsýet geňeşi" soňky gezek 2014-nji ýylyň iýunynda duşuşypdy. Ýöne Stoltenberg soňraky ýyllarda hem Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen birnäçe gezek duşuşyk geçirdi.

2002-nji ýylda maslahat organy hökmünde döredilen Geňeşiň işi iki gezek togtadyldy. Onuň işiniň birinji gezek togtadylmagyna sebäp bolan 2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasyndaky gysga wagtlyk harby konflikt bolupdy.

XS
SM
MD
LG