Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Asuda ilatdan 20 adam öldürildi


Siriýa, howa zarbasyndan ýaralanan adam, Idlib, 19-njy aprel, 2016
Siriýa, howa zarbasyndan ýaralanan adam, Idlib, 19-njy aprel, 2016

Birleşen Ştatlar sentýabr we fewral aýlarynyň aralygynda «Yslam döwleti» toparynyň Siriýadaky we Yrakdaky jeňçilerini nyşana alan howa zarbalarynda asuda ilatdan 20 adamyň öldürilendigini boýun aldy.

Emma synçylar bu aýdylýan sanyň ynanarlyk däldigini aýdýarlar. Olar 20 aýlyk howa kampaniýasy mahalynda 12 müň uçaryň we dronyň howa zarbalaryny urandygyny belläp, hakykatda asuda ilatdan ölen adamlaryň has kän bolmagynyň ahmalydygyny öňe sürýärler.

Düýbi Londonda ýerleşýän «Airwars» gözegçilik topary asuda ilatdan ölen adamlaryň sanynyň beýle az bolmagy, «dogrusy, ynanarlyk däl» diýdi.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesi 2015-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan 2016-njy ýylyň 2-nji fewralyna çenli aralykda amala aşyrylan dokuz hüjümde, agdyk gelen delillere görä, asuda ilatdan 20 adam öldi, 11 adam bolsa ýaralandy diýen netijä gelendigini aýtdy.

Ol hüjümleriň altysy Yrakda, üçüsi Siriýada urlupdyr.

XS
SM
MD
LG