Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gani: Pakistan ‘Talybana’ garşy söweşmeli


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani. 25-nji aprel, 2016 ý.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani. 25-nji aprel, 2016 ý.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Pakistany “Talyban” hereketini parahatçylyk gepleşiklerine getirmäge synanyşmagyň deregine, oňa garşy söweşmäge çagyrdy.

Gani bu barada, “Talyban” hereketiniň Kabuldaky hüjüminde 64 adam ölüp, başga-da 340 sanysy ýaralanandan bir hepde soň, 25-nji aprelde parlamentde eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, Gani Kabul indi Yslamabadyň owgan “Talyban” hereketini gepleşiklere getirmegine garaşmaýar diýip, Yslamabadyň “liderleri Pakistanda ýaşaýan adamlara garşy” harby operasiýalary geçirmelidigini aýtdy.

Soňky aýlarda Owganystan, Pakistan, Hytaý we Birleşen Ştatlar Kabul bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan geçirmäge synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG