Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml NATO, ÝB bilen gatnaşyklaryna optimistik garamaýar


Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu.
Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu.

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwada howpsuzlyk maslahatynda NATO-Orsýet geňeşiniň 20-nji aprelde iki ýyldan hem köpräk döwrüň içinde geçen ilkinji duşuşygy Kremliň NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen aradaky gatnaşygynda "optimizm döretmedi" diýdi.

Şoýgu bu beýanaty 27-nji aprelde Orsýetiň Goranmak ministrliginiň guramagynda geçirilýän Halkara howpsuzlygy boýunça 5-nji Moskwa maslahatynda etdi.

Orsýetiň goranmak ministri: "Orsýetiň NATO we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen aradaky harby hyzmatdaşlygyň doňdurylmagyna biz günäkär däl" diýdi.

NATO Orsýetiň Ukrainadaky harby interwensiýasyna, şeýle hem onuň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny bikanun özüne birikdirmegine jogap edip, 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinde Orsýet bilen bolan praktiki hyzmatdaşlygy birtaraplaýyn doňdurdy.

NATO-Orsýet geňeşi howpsuzlyk meseleleri we umumy proýektler, şol sanda ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, terrorizme we halkara neşe gaçakçylygyna garşy hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşmak üçin 2002-nji ýylda döredildi.

Bu geňeşiň 20-nji aprelde geçen duşuşygy 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden bärde geçen ilkinji duşuşykdyr.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Lamberto Zannieriň duşuşygy hem 27-nji aprele planlaşdyrylan.

Bularyň duşuşygynda esasy tema Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ukrainadaky ýörite gözegçilik missiýasy bolar. Missiýanyň işi Minsk ylalaşygynda baglaşylan atyşyklary bes etmek baradaky geleşigiň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek.

Zannier özüniň Lawrow bilen Orsýet bilen NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar hakda hem gürleşmeginiň mümkindigini aýtdy.

Bu aralykda Eýranyň goranmak ministri Hoseýn Dehganyň hem Şoýgu bilen howpsuzlyk maslahatynyň gapdalynda duşumagy planlaşdyrylýar.

Habarlarda olaryň Tähranyň Orsýetden harby uçarlary we tanklary satyn almak mümkinçiligi hakda gürleşjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG