Sepleriň elýeterliligi

Dagystanyň polisiýasy üç söweşijini öldürdi


Dagystanyň Kizilýurt etraby

Dagystanyň Kizilýurt etraby

Orsýetiň häkimiýetleri Demirgazyk Kawkazyň durnuksyz Dagystan regionynda üç sany söweşijini öldürendigini habar berdiler.

Orsýetiň Terrorizme garşy komitetiniň 4-nji oktýabrda aýtmagyna görä, söweşijiler Dagystanyň Kilizýurt etrabynda geçirilen operasiýanyň netijesinde öldürilipdir.

Öldürlen söweşijileriň polisiýanyň ofiserlerine garşy hüjümlere we haýbat atyp pul almak ýaly işlere baş goşandygy aýdylýar.

Orsýetiň Terrorizme garşy komiteti öldürilenlerden biriniň Kizilýurt jenaýat toparynyň ýolbaşçysy Umar Sabuýewdygyny aýtdy.

Dagystan Demirgazyk Kawkazda yslam döwletini döretmek ugrunda hereket edýän söweşijileriň zorluklarynyň mekanyna öwrüldi.

Polisiýa we hökümet resmileri ýygy-ýygyndan hüjümleriň nyşanyna düşýärler.

XS
SM
MD
LG