Sepleriň elýeterliligi

Belarus: 'Gije gurtlaryna' gadagançylyk soralýar


Belarusyň oppozision Halk frontunyň lideri Alýakseý Ýanukewiç

Belarusyň oppozision Halk frontunyň lideri Alýakseý Ýanukewiç

Belarusyň oppozision Halk frontunyň lideri Alýakseý Ýanukewiç Orsýetiň prezidenti Putine tarapdar motorly topary ekstremist gurama hökmünde gadagan etmegi baş prokurordan talap etdi.

Oppozision hereket “Gije gurtlary” diýlip atlandyrylýan toparyň lideri Aleksandr Zaldostanowyň 30-njy aprelde Belarusda bolan wagtynda “Belarus Orsýetdir” diýendigine ünsi çekýär.

Ýanukewiç bu beýannamanyň “Belarusyň garaşsyzlygyny ret etmek” boýunça bikanunçylyk diýip atlandyrdy. (http://narodny.org/?p=11471)

Belarusyň oppozisiýa lideri orsýetli motorly toparyň hereketlerine “Belarusa garşy gibrid uruşa” taýýarlyk hökmünde seredilmelidigini aýtdy.

ABŞ “Gije gurtlary” toparynyň agzalarynyň Ukrainada orsýetçi separatistlere açyk goldaw bildirmegi sebäpli, olara garşy sanksiýalary girizdi.

XS
SM
MD
LG