Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Ýer süýşmesi 5 adamyň ölümine sebäp boldy


Özbegistanyň Kamçilik dagy

Özbegistanyň Kamçilik dagy

Özbegistanyň gündogar regiony Namanganda bolan ýer süýşmesi bäş adamyň ölümine sebäp boldy.

Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň 5-nji maýda aýtmagyna görä, tebigy betbagtçylygyň pidalary daglyk regionda ulagly barýarka ýeriň süýşmegi zerarly heläk bolupdyr.

Ministrlik 4-nji maýda öýlän sagat ikide bolan hadysada alty adamyň aman galandygyny aýtdy.

Ýer süýşmesi Daşkenti Gyrgyzystanyň Oş şäheri bilen baglanyşdyrýan gara ýoluň Kamçilik atly ýerinde döredi.

Bahar aýlarynda daglardaky buzuň we garyň eremegi ýer süýşmelerini emele getirýär.

XS
SM
MD
LG