Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak häkimiýetleri ilata “ötünçli” SMS ýollady


Gazaklaryň mobil telefonlaryna gelen SMS.
Gazaklaryň mobil telefonlaryna gelen SMS.

6-njy maýda öz smart telefonyna sereden gazaklaryň köpüsi garaşylmadyk çeşmeden gelen ökünç SMS hatyny görüp, geň galan bolsalar gerek.

SMS-i ýollan “Ak Orda” ne ötünç soraýan bir ýanýoldaş, ne-de toba gelen bir ülpet.

Ol Astanada “Ak Ordada” ýerleşýän gazak prezidentiniň edarasy. Tekstde diňe: "Respublikanyň prezidenti ýurtda galagopluk döreden ýer kanunynyň käbir bölümlerine düzediş girizmek işine moratoriý yglan etdi" diýilýär.

SMS, Nazarbaýew döwlet eýeçiligindäki ekerançylyk ýerlerini iýuldan başlap auksion esasynda hususylaşdyrmak planyny jemgyýetçiligiň eden güýçli basyşy astynda, yza süýşürendigini bildireninden entek doly 24 sagat hem geçmänkä, esasy mobil ulgamlary bolan "Altel", "Beeline", "Kcell" we "Tele2" tarapyndan ýaýradylypdyr.

Potensial täsir

Tekstler aýdyljak sözi halka ýetirmek üçin, Nazarbaýewiň başgaça pikirlere kän çydamlylyk görkezmän, 25 ýyl bäri höküm sürüp gelýän ýeri bolan öňki sowet respublikasynda edilýän digital tagallalaryň bir bölegi bolup durýar.

Ol şol bir wagtyň özünde sosial we beýleki medianyň-da döwletiň agalygyndaky gazet-žurnallar, telewideniýe we radio ýaly, indi Nazarbaýewiň informasiýa we güýç-gudrat serişdeleriniň arasynda orun alandygyny görkezýär.

5-nji maýda Nazarbaýewiň öz niýetinden dänendigini görkezýän wideolar “Ak Ordanyň” "Facebook" sahypasynda şol bada diýen ýaly peýda boldy.

Häkimiýetleriň esasy garaşsyz we oppozision neşirleri ýapan ýurdunda Nazarbaýewiň administrasiýasy "Facebook" we "VKontakte" ýaly platformalaryň, şeýle-de tekstleriň potensial täsirine indi düşünene meňzeýär.

Wagtynda reaksiýa görkezmek

Prezidentiň planyň yza süýşürilendigini Gazagystanda hemmeleriň, şol sanda soňky protestlere baştutanlyk eden aktiwistleriň hem bilmegini isleýändigi belli zat.

Ýöne Nazarbaýew 5-nji maýda täze "Informasiýa we kommunikasiýa ministrliginiň" hem dörediljekdigini aýtdy.

Bu ministrligiň wezipesi beýleki işler bilen birlikde "informasiýa ulgamlarynyň ähli görnüşine, şol sanda internet saýtlaryna, sosial ulgam sahypalaryna gözegçilik edip, ynjyk temalary yzarlap, olara wagtynda reaksiýa görkezmek bolar".

Nazarbaýewiň aýtmagyna görä, täze ministrligi döretmekden ýene bir maksat "hem elektroniki hem-de çap ulgamynda infomasiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin içerdäki maglumat önüminiň hilini gowulandyrmak".

Protestler

"Facebook" saýtyny ulanyjylar täze ministrlik barada öz aladalaryny bildirip, ony "Hakykat ministrligi", "Şatlyk ministrligi" we "Orwelliň gara basmasy" diýip atlandyrdylar.

Ýerleri satmak plany tutuş ýurtda iki hepdä golaý dowam eden demonstrasiýalardan soňra yza süýşürildi. Bu 2011-nji ýylda günorta-günbatar şäherler Žanaözen bilen Şetpede nebitçileriň protestinde polisiýanyň azyndan 16 adamyny atyp öldüreli bäri halkyň öz gahar-gazabyny bildiren iň uly protestidir.

24-nji aprelde Atyraw şäherinde ekerançylyk ýerleriniň satylmagyna garşy azyndan müň adam protest geçirdi.

Gazak aktiwistleri halky ýurduň uly şäherlerinde 21-nji aprelde köpçülikleýin protest geçirmäge çagrypdylar.

XS
SM
MD
LG