Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmileri heläkçilikde ölenleriň sanyny kemeltdi


Owganystanda heläkçilige uçran awtobuslaryň biri.

Owganystanda heläkçilige uçran awtobuslaryň biri.

Owganystanyň häkimiýetleri ýurduň gündogaryndaky uly asfalt ýolda iki ýolagçy awtobusy bilen ýangyç daşaýan tankeriň çaknyşmagy netijesinde bolan heläkçilikde ölenleriň sanyny kemeltdiler.

Gazny welaýat häkiminiň metbugat wekili Jawed Salanginiň aýtmagyna görä, 8-nji maýda welaýatyň Mukur etrabyndaky ýolda bolan heläkçilikde 52 adam öldi. Gürrüňi edilýän ýol owgan paýtagty Kabuly ýurduň günortasyndaky Gandahar şäherine birikdirýän esasy gatnaw ugrudyr.

Saglyk ministriniň metbugat wekili Ismail Kawusi, heläkçilikde 73 adamyň ölendigi barada hökümet tarapyndan berlen maglumatyň keselhanadaky informasiýalar akymy bilen baglanyşykly “tehniki kynçylyklar” sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy.

Gürrüňi edilýän üç ulagyň ot almagyna sebäp bolan çaknyşykda başga-da onlarça adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG