Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň öňki premýer-ministriniň alnyp gaçylan ogly tapyldy


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary.

Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň güýçleriniň bilelikdäki harby operasiýalarynda Pakistanyň öňki premýer-ministriniň ogly aman ele geçirildi. Bu barada 10-njy maýda Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

“Şu gün Owganystanyň Gazny şäherinde Birleşen Ştatlaryň we owgan güýçleriniň geçiren bilelikdäki operasiýalarynda Ýousaf Raza Gilaniniň ogly Ali Haýdar Gilani tapyldy” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle-de, maglumatda Gilani saglyk barlaglaryndan geçensoň, onuň Pakistana getirilmegi üçin taýýarlyklar görüldi” diýilýär.

Ali Haýdar Gilani 2013-nji ýylyň 9-njy maýynda “Talyban” söweşijileri diýlip güman edilýän adamlar tarapyndan alnyp gaçylypdy.

XS
SM
MD
LG