Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF Owganystan täze karz berer


HWF-nyň direktory Kristine Lagarde
HWF-nyň direktory Kristine Lagarde

Halkara walýuta fondy Owganystana ýurduň uruşdan uly zyýan çeken ykdysadyýetini dikeltmäge kömek bermek üçin täze karzlary bermek barada gepleşjekdigini aýtdy.

HWF 13-nji maýda Owganystanyň ykdysady ýagdaýyna synynyň jemlerini jemläp, ýurduň hökümet býujetini we maliýe pudagyny reforma etmek babatda gazanan progresinden hoşal bolandygyny aýtdy.

«Kyn şertlere garamazdan, häkimiýetler HWF-nyň maslahat beren programmasyny üstünlikli durmuşa geçirdiler» diýip, HWF aýtdy.

Emma Owganystanda dowam edýän konfliktler, «talyban» hüjümlerinden goranmakda kömek edýän NATO goşunlarynyň azaldylmagy sebäpli «Owganystanyň ykdysady ýagdaýy örän kynlygynda galýar» diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG