Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýwanyň täze prezidenti Hytaýa çagyryş etdi


Taýwanyň täze prezidenti Hytaýy “pozitiw dialogy” ýola goýmaga çagyryp, özüniň iki goňşy ýurduň arasyndaky durnuklylygy we parahatçylygy gorap saklamakda jogapkärçilikli rol oýnajakdygyny aýtdy.

Taýwanyň ilkinji zenan prezidenti Tsaý Ing-wen (Tsai Ing-wen) 20-nji maýda prezidentlige kasam edensoň, Taýwan özüniň Hytaý bilen “gatnaşyklarynda parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamagyň ugrunda işlär we parahatçylygyň wepaly goraýjysy” bolar diýdi.

Tsaý we onuň “Demokratik progressiw partiýasy” Pekiniň syýasatyny hiç haçan goldamandy. Taýwanda prezidentlik möhleti tamamlanan Ma Ýing-jeonuň (Ma Ying-jeou) sekiz ýyl häkimiýetde bolan döwründe iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň öňküsinden gowulaşandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG