Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama "Talybanyň" lideriniň ölümini tassyklady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Talybanyň” lideri Molla Ahtar Mansuryň öldürilendigini tassyklady we bu ýagdaýy Owganystana parahatçylygy getirmek boýunça tagallalar üçin “möhüm tapgyr” diýip atlandyrdy.

“Biz amerikan we koalision güýçlerine, owgan halkyna garşy hüjümleri gurnamagyny we amala aşyrmagy dowam edýän hem özüni “Al-Kaýda” ýaly ekstremist toparlar bilen bir hatarda goýýan guramanyň liderini aradan aýyrdyk”, diýip Obama 23-nji maýda eden çykyşynda aýtdy.

Owgan häkimiýetleri Mansuryň 21-nji maýda irden ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň Owganystanyň serhedinden geçip, Pakistanyň Baloçystan regionynda amala aşyran hüjüminiň netijesinde öldürilendigini aýtdylar.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi hüjümi ýazgardy we onuň ýurduň territorial bütewüligini depeländigini aýtdy, şeýle-de ABŞ-nyň Yslamabady hüjüm barada öňünden habarly etmändigini aýtdy.

Mansur 2015-nji ýylda owgan hökümetiniň “Talybanyň” lideri Molla Mohammad Omaryň iki ýyl mundan öň ölendigini tassyklamagyndan soň guramanyň täze lideri hökmünde yglan edilipdi.

XS
SM
MD
LG