Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa Makedoniýa bilen serhedinden bosgunlary göçürýär


Bosgunlar "Idomeni" lagerinden göçürilýär, Gresiýa, 23-nji maý, 2016.
Bosgunlar "Idomeni" lagerinden göçürilýär, Gresiýa, 23-nji maý, 2016.

Gresiýanyň häkimiýetleri 24-nji maýda ýurduň Makedoniýa bilen serhedindäki "Idomeni" atly iň uly bosgunlar lagerini göçürip başladylar.

Azyndan 200 çemesi polisiýa wekili lagere barýan ýoly böwetläp başlady, emma hökümetiň bosgunlar krizisi boýunça metbugat-wekili Giorgos Kyritsis polisiýanyň güýç ulanmajakdygyny aýtdy. Ol çäreleriň bir hepdeden on güne çenli dowam etjekdigini belledi.

Bu lagerde 8400 adam ýerleşýär. Häkimiýetler ýaşaýjylaryň täze döredilen we guramalaşdyrylan lagere ýuwaş-ýuwaşdan göçüriljekdigini aýtdylar.

Žurnalistler "Idomeni" lagerine goýberilmedi.

Geçen ýylyň dowamynda Balkan we Ýewropa ýurtlarynyň garyplykdan gaçyp öz ýurtlaryny terk eden bir milliondan gowrak adamdan ybarat migrant akymyny saklamak üçin öz serhetlerini ýapmagy sebäpli, 54 müň bosgun we migrant maliýe kynçylyklary başdan geçirýän Gresiýada gabawda galdy.

Migrantlaryň aglaba bölegi Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan. Olaryň aglaba bölegi Gresiýa Türkiýäniň üstünden gaýykly we gämili barýar.

XS
SM
MD
LG