Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak ministriniň beýanaty gahar-gazap döretdi


Gazagystanyň medeniýet we sport ministri Arystanbek Muhamediul.
Gazagystanyň medeniýet we sport ministri Arystanbek Muhamediul.

Gazagystanyň medeniýet ministriniň goňşy Gyrgyzystan we onuň gowgaly soňky döwür taryhy hakda eden beýanaty gahar-gazap döretdi.

Medeniýet we sport ministri Arystanbek Muhamediulynyň merhum gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow baradaky bir çekişmede aýdan zatlary, şol bir wagtyň özünde-de, ykdysady kynçylyklar we täze ýer kanuny sebäpli halkyň gahar-gazabyna uçran aljyraňňy gazak hökümetiniň bulagaýlykdan nädereje gorkýandygyny görkezýär.

"Aýtmatow öz halkynyň manysyz hereketleriniň öňüni almak isledi" diýip, Muhamediuly 24-nji maýda aýtdy. "Ol, dogrudan hem, biziň Gyrgyzystanda şaýat bolan oňaýsyz wakalarymyzy öňünden aýtdy".

"Men Moskwa gidemde ýaş gyrgyz gyzlarynyň umumy hajathanalary arassalap ýörenini göremde gynanýaryn. Gyrgyzlar öz ýurtlarynda iş bolmansoň, gelejege umyt bolmansoň gidýärler"

Islenmeýän adam

Bu gürrüňler hem Gazagystanda hem-de Gyrgyzystanda tankyda sebäp boldy. Internet ulanyjylar Muhamediulyny "terbiýesiz", "tekepbir", "nadan" we "samsyk" diýip atlandyrdylar.

Gyrgyzystanda köp adamlar beýanaty kemsidiji diýip, Muhamediuly islenmeýän adam diýip yglan edilmeli, oňa ýurda girmäge ýol bermeli däl diýdiler.

Orta Aziýanyň iki goňşy döwletiniň ilaty ministriň il arasynda sylanýan ýazyjy we akyldar Aýtmatow bilen Gyrgyzystandaky ykdysady kynçylyklar sebäpli gününi dolandyrmak üçin Orsýete gidýän gyrgyz migrant işçileri arasynda baglanyşyk gurmagyny geň gördüler.

Gyrgyz taryhçysy Aýnura Arzymaýtowa Muhamediula näme zadyň itergi berendigi belli diýip, Gazagystandaky soňky bulaýgaýlyklara salgylandy. Onuň çaklamagyna görä, gazak ministri gazaklary köçelere çykmazlyga, protestlere goşulmazlyga çagyrmak üçin Aýtmatow bilen post-sowet Gyrgyzystanda bolan syýasy opurylyşyklary ara goşýar.

Plan

Awtoritar gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew nebit öndürýän ýurtda sowet döwründen bäri höküm sürüp ýörkä, Gyrgyzystanda hökümete garşy protestler iki prezidenti häkimiýet başyndan kowdy, birini 2005-nji ýylda, ýene birini hem 2010-njy ýylda.

"Meniň çak edişime görä, gazak resmisi öz halkyna 'ine görüň, gyrgyz halkynyň başyna rewolýusiýalardan soňra nämeler geldi' diýmäge synanyşdy. Bu gazak halkyna biziň problemalarymyzy hödürlemek bilen olaryň ünsüni öz problemalaryndan sowmak üçin edilen öwrüm" diýip, Jusup Balasagun adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň professory Arzymaýtowa 24-nji maýda "Vesti.kg" habar saýtyna beren interwýusynda aýtdy.

Gazak häkimiýetleri ekerançylyk ýerlerini hususylaşdyrmak plany sebäpli turan protestleri ýatyrmak ugrunda dyrjaşýarlar. Tankytçylar planyň korrupsiýa garylyp, ekerançylyk ýerleriniň uly böleginiň çet ýurtlularyň eýeçiligine geçerinden gorkýarlar.

Plan baradaky gahar-gazaby halkyň arasynda ykdysady kynçylyklar sebäpli dörän aladalar-da güýçlendirýär. Gazak ykdysadyýeti goňşy gyrgyz we tajik ykdysadyýetlerinden güýçli bolsa-da, nebitiň bahasynyň tutuş dünýäde aşaklamagy we Orsýetde sowulman gelýän durgunlygyň netijeleri oňa agyr urgy bolup degdi.

“Medeniýetsiz medeniýet ministrleri bar"

Gazagystandaky metjitlerde ymamlar namaza başlanlarynda ilki musulmanlary "etniki agzybirligi we ykdysady durnuklylygy" hormatlamaga çagyrýarlar.

Nazarbaýewiň hökümeti tolgunmalary togtatmak üçin hem eglişiklere hem-de zorlukly çärelere ýüz urdy. Nazarbaýew üstümizdäki aýyň başlarynda ýerleri hususylaşdyrmak planynyň 2017-nji ýyla çenli yza süýşürilendigini aýtdy. Öten hepde hem polisiýa 21-nji maýa planlaşdyrylan uly protestleri başa bardyrmajak bolup, ýüzlerçe aktiwisti we žurnalistleri tutdy.

Muhamediulynyň özi beren beýanatyna görkezilen gaharly reaksiýalar barada açyk bir zat aýtmadyk hem bolsa, Gazagystanyň tanymal şahsyýetleriniň birnäçesi onuň tarapyndan ötünç soradylar.

"Ministriň düýn aýdan sözleri gyrgyz jemgyýetinde güýçli çekişmelere we gahar-gazaba sebäp boldy. Biz ministriň bu sözleri üçin Gyrgyzystanyň halkyndan ötünç soraýarys" diýip birnäçe döwlet işgärleri, şol sanda hökümet tankytçysy we ýer reformasy boýunça ýaňy gyssagly döredilen döwlet komissiýasynyň agzasy Muhtar Taýžan-da, "Facebook" saýtynda aýry-aýrylykda ýerleşdirilen beýanatlarda aýtdylar.

Beýanatlarda "gynansak-da, medeniýetsiz medeniýet ministrleri bar" diýilýär.

Gazaklar bilen gyrgyzlaryň arasynda ýakyn taryhy, dil, dini we medeni baglanyşyklar bar.

XS
SM
MD
LG