Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak resmisi Gyrgyzystan baradaky sözleri üçin ötünç sorady


Gazagystanyň medeniýet we sport boýunça ministri Arystanbek Muhamediuly, Astana, 23-nji maý, 2016
Gazagystanyň medeniýet we sport boýunça ministri Arystanbek Muhamediuly, Astana, 23-nji maý, 2016

Gazagystanyň medeniýet we sport boýunça ministri özüniň Gyrgyzystan we onuň durnuksyz täze taryhy barada aýdan we goňşy ýurtda gahar-gazap döreden sözleri üçin ötünç sorady.

Arystanbek Muhamediulynyň sözleri media maglumatlarynda ýalňyş ulanyldy we ministr düşünişmezlik üçin ötünç soraýar, diýip Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrligi 25-nji maýda aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda 24-nji maýda Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi Gazagystanyň Bişkekdäki ilçisi Erbol Ahmetowy çagyryp, oňa Muhamediulynyň çykyşy barada protest hatyny gowşurdy.

Muhamediuly 23-nji maýda Astananyň ýaşaýjylary bilen duşuşygynda “Ýaş gyrgyz gyzlarynyň Moskwada jemgyýetçilik hajathanalaryny arassalaýandygyny görenimde ýüregim agyrýar” diýip, Gyrgyzystanyň hökümete garşy iki sany öwrülişigi başdan geçirip, 2005-nji we 2010-njy ýyllarda prezidentleri agdarandygy sebäpli ykdysady kynçylyklara sezewar bolýandygyny belledi.

Gazak resmisiniň Gazagystanyň polisiýasynyň ýer reformasyna garşy protest bildirenlere zor görkezmeginiň yzýany eden bu çykyşy Gazagystanda we Gyrgyzystanda berk tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG