Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: ‘Faraonlara mynasyp’ panteon


Almatyly garaşsyz syýasy gözegçi Sergeý Duwanow panteonyň ýeke kişi, 75 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew (ortada) üçin niýetlenendigini aýdýar.

Almatyly garaşsyz syýasy gözegçi Sergeý Duwanow panteonyň ýeke kişi, 75 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew (ortada) üçin niýetlenendigini aýdýar.

Gazagystanyň ýogalan meşhur gazaklary jaýlamak üçin ýörite gymmatbaha gonamçylygy gurmak baradaky planlary eli ýuka orta gatlakdaky adamlaryň göwnünden turmaýan bolarly.

Ýerli medianyň maglumatyna görä, Astananyň golaýynda gurulmagy göz öňünde tutulýan bu panteonyň, ýagny belli gazaklaryň guburlary ýeleşjek gonamçylygyň umumy meýdany 9 müň gektara deň bolup, onuň gurluşygyna $235 million dollar goýberiler.

Emma ykdysady krisiz sebäpli gün-güzerany has-da kynlaşan gazaklar bu planlaryň özlerine agram saljakdygyny aýdýarlar.

Almataly Ženis Kairžanowa özüniň Twitter hasabynda “Eger-de olara panteon gerek bolsa, goý, gursunlar. Emma ol, salgyt töleýjileriň däl-de, bu panteonda ýatjaklaryň hasabyna gurulsun” diýip ýazýar.

Blogger Ýakow Fýodorow bolsa: “Degişme hem gowy zatdyr welin, krizis döwri panteony gurmak baradaky planlar pensionerleri ýygnap “biz siziň pensiýalaryňyzy galdyrmarys, emma bu ýerde ajaýyp we gymmatbaha gonamçylygy gurarys” diýmek bilen deňdir” diýip belleýär.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bilen söhbetdeş bolan gazak pensionerleriniň biri: “Häzir nähili hem bolsa ykdysadyýeti gowulandyrmaly. Biz – pensionerler edil dilegçi ýaly bolup ýaşaýarys. Biziň pensiýalarymyz diýseň az. Biz tutuş ömrümizi işläp geçirdik ahyryn” diýip, öz nägileligini bildirýär.

Başga bir aýal häzir gazak jemgyýetinde giňden ýaýran bir pikiri agzaýar: “Eger-de aşaky gatlakdaky adamlaryň saýlamaga mümkinçiligi bolan bolsady, olar bu panteon ýaly ähli zatlaryň samsyklykdygyny aýdardylar. Eger-de [Nazarbaýew] bu ýerde jaýlansa, bu onuň entegem häkimiýet kürsüsinde oturjakdygyny aňlatmaýar”.

Panteony gurmak baradaky planlar şu ýaz yglan edilende, bu ýurduň adaty graždanlaryny diýseň haýran galdyrypdy. Muny ilkinji bolup medeniýet we sport ministri Arystanek Mukhamediuly kommentirledi. Ol 18-nji maýda çykyş edip, bu hakda şeýle diýdi: “Gazagystanda ýaşan we işlän beýik şahsyýetleriň geljekki nesilleriň buýsanjy bolmaga haky bardyr. Şol sebäpli biz panteony gurmaga borçlydyrys”.

"Faraonlaryň mysalynda"

Astananyň Şäher geňeşligi, bu proýekt üçin 26-njy maýda 1 müň 400 gektar ýeri bölüp berenden soň, panteonyň gurulmak ähtimallygy ýene-de bir ädim öňe ilerledi.

Düýbi Almatyda ýerleşýän Töwekgelçilikleri seljerýän toparyň başlygy Dosym Satpaýew gürrüňi gidýän ençeme million dollarlyk bu proýektiň ýaşaýjylarda “diňe bir aladalanma däl-de, eýse öýke-kinäni” hem döredýändigini aýdýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, şu ýylyň başynda Nazarbaýew energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň pese gaçmagy bilen gazagystanlylara “ýorganyna görä aýak uzatmagy” ündäpdi.

Sosial ulgamlardaky gahar-gazapdan soň häkimiýetler panteon bilen bagalylykdaky planlaryna täzeden garaýana meňzeýär.

Ykdysadyýet ministri Kuandyk Bişimbaýew 27-nji maýda çykyş edip, panteonyň gurluşygy üçin ne şu ýyl ne-de geljek ýyl üçin maliýe serişdeleriniň goýberilendigini aýan etdi.

Her niçik-de bolsa, panteon bilen baglylykdaky esasy, ýagny ‘bu ýerde kimler jaýlanar?’ diýen sorag köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Satbaýewiň pikiriçe, bu ýerleri taryhda belli iş bitiren gazaklar däl-de, häzirki häkimiýet başyndakylar eýelärler.

Almatyly garaşsyz syýasy gözegçi Sergeý Duwanow panteonyň ýeke kişi, 75 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew üçin niýetlenendigini aýdýar. Nazarbaýew energiýa resurslaryna baý Gazagystana 1989-njy ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär.

“Meniň pikirimçe, ol [Nazarbaýew] faraonlardan görelde alyp, özüniň şöhratyny gazaklaryň taryhynda ebedileşdirmek üçin tagalla edip başlady. [Nazarbaýew] beýik gazaklaryň jaýlanjak bu panteonynda iň esasy şahsyýet bolar” diýip, Duwanow öz pikirini beýan edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG