Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Owganystan: Ýolagçy ulaglara hüjüm edildi


Owganystanyň Gunduz welaýaty
Owganystanyň Gunduz welaýaty

“Talybanyň” söweşijileri bolmakda güman edilýän hüjümçiler Demirgazyk Owganystanda gara ýolda buky gurup, azyndan 13 adamy öldürdiler we 30-dan gowrak adamy zamunlyga aldylar.

Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, 31-nji maýda irden söweşijiler Gunduz welaýatynyň Aliabad etrabynda alty sany awtobusy saklapdyr.

Gunduz welaýatynyň gubernatory awtobuslarda 200 çemesi adamyň bolandygyny we 30-dan gowrak adamyň zamun alnandygyny aýtdy.

Owgan resmileri wepat bolanlaryň sany 13 we 17 adam aralygynda diýip habar berýärler. Ýolagçylaryň takyklaşdyrylmadyk sany boşadylypdyr.

Ýerli owgan resmileri hüjümde “Talybany” aýypladylar. Emma bu söweşiji topar hüjüm barada entek çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG