Sepleriň elýeterliligi

Muhammad Aly aradan çykdy


Boks dünýäsinde ady rowaýata öwrülen Muhammad Aly parkinson keseli bilen uzak tutluşykdan soň, 74 ýaşynda aradan çykdy.

Alynyň ölümi 4-nji iýunda, dem alyş keselleri sebäpli Feniks zonasyndaky hassahana ýerleşdirileninden bir gün soň tassyk edildi.

Onuň rekord derejedäki boks karýerasy, tomaşaçylaryň göwnüni awlamak ussatlygy, gapma-garşylykly pozisiýasy ony 20-nji asyryň iň tanymal şahslarynyň birine öwürdi.

Ol agyr agramda üç gezek dünýä çempiony bolan ilkinji adamdyr.

Şol bir wagtda-da Aly has tanymal we täsin atlete öwrüldi. Ol 1960-njy ýyllarda jynsparazlyga, şeýle-de Wetnam urşuna garşy batyrgaý çykyş etdi.

Muhammad Aly özüniň çempionlyk döwründe we soňra onlarça dünýä lideri bilen duşuşdy we Birleşen Ştatlardan has uzaklarda ýerleşýän gyrak-çet obalarda hem tanalmak bilen, belli bir zaman içinde Ýer togalagynda iň giňden ykrar edilen adam hasaplandy.

Aly 1981-nji ýylda boksdan dynç alşa çykaryndan üç ýyl çemesi soň parkinson keseli bilen keselledi, ýagny oňa şeýle diagnoz goýuldy.

«Meniň bir bölegim, has uly bölegim meni terk etdi» diýip, ozalky agyr agramly boksçy, Alynyň gingdäki iň gazaply garşydaşlarynyň biri Jorj Forman ussadyň ölüm habaryndan soň twitterde ýazdy.

Ozalky boks çempiony Roy Jones Jr. hem twitterde öz gynanjyny beýan etdi we şol bir wagtda-da «beýik boksçynyň indi has beýik ýerde dynç aljagyna» kanagatlanma bildirdi.

"Iň beýik" diýip lakam berlen Aly rekord goýup, 56 ýeňiş gazandy, garşydaşyny 37 gezek seňseletdi, bäş gezek hem ýeňildi.

Luiswillde, Kentukki ştatynda Kassius Marsell Kleý ady bilen doglan Aly 1964-nji ýylda yslam dinini kabul edip, adyny hem üýtgetdi. Ol adyny üýtgetmeginiň sebäbini düşündirip, Kassius Kleý adynyň ak hojaýyn tarapyndan gullara berlen atdygyny aýtdy we «owadan afrikan adyny saýlamak isleýändigini» öňe sürdi.

Ol garaýagyzlaryň azatlyga çykmagynyň we Wetnam urşy mahalynda dili sebäpler esasynda goşunda gulluk etmekden ýüz öwrülmegi baradaky graždan hukuklarynyň simwolyna öwrüldi.

Onuň urşa garşy eden aktiwlikleri men diýen wagtynda üç ýyl çemesi ýaryşa gatnaşmagyna böwet boldy.

Köpler gowy gören hem bolsa, dyzmaçlygy we sosial kommentarileri ony käbirleriniň gözünden düşürdi.

Ringde özüne taý tapylmazlygyna endik eden boksçy parkinson bilen tutluşykda ýuwaş-ýuwaşdan ýan berdi. Aldajy kesel ony titräp duran, sesini ýitiren adama öwürdi.

Aly jemgyýetçilikde soňky gezek aprel aýynda, Arizonada «Saýlananlaryň söweş agşamynyň» gala-konsertinde göründi, bu sahawatlylyk guramasy parkinson keselinden ejir çekýänlere ýardam edýär.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG