Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Gyrgyz raýatyna “Hizb ut-Tahrir' bilen gatnaşyk üçin iş kesldi


"Hizb-ut-Tahrir" guramasynyň kitaplary
"Hizb-ut-Tahrir" guramasynyň kitaplary

Sibiriň sudy Gyrgyzystanyň raýatyny gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” toparyna täze agzalary çekmekde aýyplap, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Baş prokuraturanyň Orsýetiň Tuwa regionyndaky edarasynyň 10-njy iýunda aýtmagyna görä, asly Bişkekli Azamat Kasymbek-Uulu bildirilen aýyplamalar boýunça günäli tapylypdyr.

Londonda ýerleşýän sünni yslam guramasy “Hizb ut-Tahrir” ähli musulman ýurtlaryň birleşmegini we Yslam halifatynyň döredilmegini isleýär.

Orsýetiň baş sudy “Hizb ut-Tahriri” 2003-nji ýylda gadagan etdi we guramanyň agzalaryny we tarapdarlaryny “ekstremist” diýip atlandyrdy.

Şeýle-de gurama Gyrgyzystanda we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda gadagan edildi.

Gyrgyz häkimiýetleri “Hizb ut-Tahririň” “Al-Kaýdanyň” we “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň ýaşlary radikallaşdyrmak we olary Siriýada hem Yrakda söweşlere çekmek boýunça işlerine gatnaşýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG