Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň sudy altyn söwdegärini türmeden goýbermekden ýüz öwürdi


Reza Zarrab, Stambul, 2013.
Reza Zarrab, Stambul, 2013.

ABŞ-nyň sudýasy baý altyn söwdegäriniň Eýrana ABŞ-nyň sanskiýalaryndan sypmaga kömek bermegi bilen baglylykda suda garaşýarka Manhattanda öz oý tussaglygynda bolmagy üçin tölemek baradaky arzasyny ret etdi.

ABŞ-nyň etrap sudunyň sudýasy Riçard Bermanyň 16-njy iýunda çykaran kararynda Eýranyň we Türkiýäniň raýatlygyna eýe bolan Reza Zarrabyň türmede galmalydygy sebäbi onuň baýlygynyň we daşary gatnaşyklarynyň uly töwekgelçilik döredýändigi aýdyldy.

Mart aýynda Miamide tussag edilen Zarrab “ABŞ-nyň Eýrana garşy sanskiýalaryny bozmakda” günäli hasaplansa 30 ýyla çenli “uly möhletli türme tussaglygyna” höküm edilip bilner.

Zarrab öý tussaglygynda bolmagyna rugsag berilmegi üçin 50 million amerikan dollaryny teklip etdi.

Türkiýeli meşhur aýdymçy Ebru Gundeşiň adamsy Zarrab Türkiýede 2013-nji ýylda korrupsiýa bilen bagly dawanyň merkezine düşüpdi.

XS
SM
MD
LG