Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Britan premýer-ministri wezipesinden çekiljekdigini aýtdy


Britaniýanyň saýlaw komissiýasy ýurtda geçirilen referendumda ses berijileriň köpçüliginiň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagy goldap ses berendiklerini resmi taýdan yglan etdi. Munuň bilen baglylykda premýer-ministr Dawid Kameron täze dörän ýagdaýda ýurda, “täze ýolbaşçylygyň” gerekdigini nygtap, özüniň bu wezipeden çekilýändigini mälim etdi.

Kameron 24-nji iýunda, agzalýan referendumyň netijesi yglan edilenden soň, şeýle diýdi: “Britaniýalylar Ýewropa Bileleşiginden çykmagy goldap ses berdiler. Olaryň bu kararyna hormat goýmaly. Men özümiň täze sepgitlere tarap ugur alýan ýurduň başynda durmagymyň dogry bolmajakdygyny çaklaýaryn”.

Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde galmagy ugrunda tagalla eden Kameron täze premýer-ministriň şu ýylyň oktýabryna çenli işe girişmegine umyt edýändigini aýtdy.

Kameron “Durnuklylygy üpjün etmek möhüm. Şol sebäpli men öz hökümetim bilen bilelikde premýer-ministr wezipesinde ýene üç aý galaryn” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Wideo: Merkel britan refendumynyň "hötdesinden gelip biljekdiklerini" aýtdy.

Britaniýada geçirilen referendumyň netijesine görä, birtanlar sesleriň 52/48 prosent gatnaşygy bilen Bileleşikden çykmagy goldadylar. Netijeleriň arasyndaky aratapawut 1,27 million sese deň boldy.

Munuň Ýewropa Bileleşiginiň syýasy we ykdysady bloguna öz ýaramaz täsirini ýetirmegi ähtimal. Bileleşik onlarça ýylyň dowamynda özüniň agza ýurtlarynyň sanyny 28-e ýetirmek ugrunda tagalla edipdi. Emma soňky döwürde Ýewropa Bileleşigi maliýe kynçylyklaryny, migrantlar we bosgunlar krizisini başdan geçirýär.

Referendumyň netijeleriniň yglan edilmeginiň yzysüre britan funty, ýewro we dünýäniň maliýe biržalaryndaky görkezijiler pese gaçdy.

Wideo: Tusk "Bileleşik 27 agzalyk bütewüligini saklamaga ygrarly" diýdi

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Bileleşigiň “27 agzalyk bütewüligini saklamaga ygrarlydygyny” aýtdy.

Tusk ÝB-niň liderleriniň öňümizdäki hepde Britaniýasyz maslahat geçirjekdiklerini we “Bileleşigiň geljegi barada” pikir alyşjakdyklaryny mälim etdi.

Britaniýanyň Bileleşigiň düzüminden çykmagy ugrunda tagalla eden “Garaşsyzlyk Partiýasynyň” lideri Nigel Farage ses berişligiň netijesini “Garaşsyz Britaniýanyň säheri” diýip atlandyrdy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond häzir ýurtda durnuklylygyň we bütewüligiň saklanmalydygyny aýtdy. Hammond bu referendumyň netijesinde Şotlandiýanyň Britaniýanyň düzüminden çykmagy baradaky soraglary hem ýaňadandan gozgap biljekdigini duýdurdy.

Şotlandiýa bilen Demirgazyk Irlandiýa köpçülikleýin ýagdaýda ÝB-niň düzüminde galmagy saýladylar. Walesde bolsa aglaba Bileleşikden çykmak boýunça ses berdiler.

Şotlandiýanyň ozalky premýer-ministri we “Şotland Milli Partiýasynyň” lideri Aleks Salmond Şotlandiýanyň garaşsyzlygy boýunça täze ses berişligi geçirmek ugrunda tagalla edip biljekdigini aýtdy.

Angliýanyň dermirgazyk-gündogar sebitleri Bileleşikden çykmagy saýlan bolsalar, Londonda köpçülik onuň düzüminde galmagy saýlady.

Wideo: Farage ses berişligiň netijesini gutlady

Britaniýadaky ses berişligiň yzy bilen Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki beýleki ýurtlaryň hem şular ýaly referendumlary geçirip biljekdiklerinden howatyr edilýär.

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault, Britaniýadaky netijä garamazdan, Ýewropanyň dowam etjekdigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol munuň “adamlaryň ynamyny ödemek” üçin Ýewropa “duýduryş” bolandygyny-da sözüniň üstüne goşdy.

Dörän ýagdaý bilen baglylykda Fransiýanyň baş diplomaty “Britaniýa öz gynanjyny” mälim etdi. Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Britaniýanyň Bileleşigiň düzüminden çykmak baradaky kararynyň “hem Ýewropa hem-de Britaniýa üçin gynançly gün bolandygyny” aýtdy.

Ak tam prezident Barak Obamanyň 24-nji iýunda ir bilen referendumyň netijeleri bilen habarly edilendigini we onuň günüň dowamynda Kameron bilen gepleşjekdigini habar berdi.

Ýewropa Parlamentiniň düzümindäki iň iri partiýanyň – “Ýewropanyň Halk Partiýasynyň” wekili Manfred Weber britan referendumynyň netijesiniň “iki tarapa hem zyýanly boljakdygyny” aýtdy. Şol bir wagtyň özünde-de ol ses berişligiň netijesini gaýra goýmazdan durmuşa geçirmäge çagrdy.

23-nji iýunda geçirilen referendumyň netijelerini berjaý etmeklik ýuridiki taýdan borçly hasaplanmaýar. Lissabon Şertnamasynyň 50-nji maddasyny, ýagny Bileleşikden çykmak prosesini hökmany ýagdaýda başladýan kanuny mehanizm hem göz öňünde tutulmandy.

Emma syýasy ekspertleriň çaklamagyna görä, ýurtda geçirilen ählihalk referendumynda Bileleşikden çykmak baradaky sesleriň agdyklyk edendigi sebäpli, britan syýasatçylayryna 28 agzaly blokdan çykmak boýunça iki ýyllyk prosesi başlatmak üçin basyş ediler.

Maliýe biržalary

Referendumyň netijeleri baradaky habar dessine dünýäniň maliýe biržalaryna hem täsir etdi. Britan funty 1,35 dollara deň boldy. Bu soňky 31 ýylyň içindäki iň pes görkezijidir.

Angliýanyň banky ýagdaýlary içginden yzarlaýandygyny we milli pul birligini goldamak üçin gerekli çäreleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

24-nji iýunda Londonyň Maliýe Biržasy 8%, Germaniýanyň DAX indeksi 10% we Fransiýanyň indeksi 7% pese gaçdy.

Referendumyň netijesiniň yzy bilen Aziýanyň möhüm maliýe biržalary hem 8% töweregi pese gaçdy. Ýaponiýanyň maliýe ministri Taro Aso munuň “dünýä ykdysadyýetine we maliýe bazarlaryna” ýetirip biljek “täsirleri barada aladalanýandygyny” aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG