Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain opera aýdymçysy öldürildi


Ukrain opera aýdymçysy Wasyl Slipak.
Ukrain opera aýdymçysy Wasyl Slipak.

Gündogar Ukrainada Orsýete tarapdar separatistlere garşy göreşmek üçin mundan iki ýyl ozal Parižiň Operasyny terk eden ukrain opera aýdymçysynyň öldürilendigi habar berilýär.

Wasyl Slipagyň öldürilendigini, Ukrainanyň Ýewropa Geňeşindäki hemişelik wekili Dmytro Kuleba 29-njy iýunda “Twitter” sosial ulgamynda çap eden maglumatynda tassyklady.

Ukrainadaky media serişdesi Donetsk regionyndaky ukrain esgerlerine we meýletinçilerine salgylanyp, Slipagyň 29-njy iýunda irden sagat 6:00 töweregi Luhanske obasynyň golaýynda snaýper, ýagny mergen tarapyndan öldürilendigini ýazýar.

Asly Ukrainanyň Lwiw regionyndan bolan Slipak 1997-nji ýylda Lwiwiň “Lysenko” saz akademiýasyny tamamlaýar. Soňra ol Parižiň Operasynda işlemäge çagyrylýar.

XS
SM
MD
LG