Sepleriň elýeterliligi

Klinton FDB tarapyndan sorag edildi


 Hillari Klinton

Hillari Klinton

ABŞ-nyň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton Federal derňew býurosy tarapyndan döwlet sekretary mahaly şahsy poçta hyzmatyny ulanandygy üçin sorag edildi.

Klinton 2-nji iýulda FDB-nyň Waşingtondaky baş edarasynda meýletin 3 1/2 sagatlyk interwiýu berdi diýip, onuň kampaniýasy aýtdy.

"Ol Adalat departamentiniň bu iş baradaky synyny soňlamagyna kömek etmek mümkinçiligine hoşal boldy» diýip, onuň kandidatlyk kampaniýasynyň sözçüsi Nik Merril aýtdy.

Klinton şahsy elektron poçta hyzmatyny ulanmagyny delillendirip, özüniň öňki döwlet sekretarlaryndan üýtgeşik hereket etmändigini aýtdy.

Ol döwlet sekretary bolup işlän mahalynda öz şahsy elektron poçtasynda gizlin dokumentler bilen iş salşandygyny inkär edýär.

Emma muňa garamazdan, Döwlet departamentiniň maýda çap eden synynda bu praktikanyň howpsuzlyk töwekgelligini döredendigi we hökümet kanunçylygyna dürs däldigi aýdyldy.

Bu derňew ABŞ-nyň prezidentlik kampaniýasy mahalynda bir meselä öwrüldi. Sebäbi respublikanlar Klintonyň bu hereketini sorag astyna alýarlar we bu derňew onuň prezidentlik wezipesine mynasypdygyna şübhe döredýär diýýärler.

XS
SM
MD
LG