Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany: ABŞ-nyň konsulhanasyna hüjüm edildi


Birleşen Ştatlaryň Jeddahdäki konsulhanasynyň öňündäki howpsuzlyk işgärleri.
Birleşen Ştatlaryň Jeddahdäki konsulhanasynyň öňündäki howpsuzlyk işgärleri.

Saud Arabystanynyň Jeddah şäherinde janyndan geçen hüjümçi Birleşen Ştatlaryň konsulhanasynyň öňünde özüni partlatdy.

4-nji iýulda bolan wakada diňe janyndan geçen bombaçy heläk boldy. Şol bir wagtda hüjümde iki saudy polisiýa ofiseri hem ýaralandy.

Saudy Arabystanynyň telewideniýesinde berlen maglumata görä, hüjümçi awtoulagyny konsulhananyň garşysyndaky keselhananyň öňünde goýup, ol ýere iki howpsuzlyk işgäri golaýlaşan mahaly özüni partladypdyr.

Birleşen Ştatlaryň Jeddahdäki konsulhanasynyň ýaýradan beýanatynda, konsulhananyň işgärleriniň arasynda ýaralanan ýa-da heläk bolanlaryň ýokdugy aýdylyp, bu wakanyň saudy häkimiýetleri we amerikan konsulhanasy tarapyndan derňelýändigi mälim edilýär.

2004-nji ýylda “Al-Kaýda” hereketiniň söweşijileri Birleşen Ştatlaryň Jeddahdäki konsulhanasyna hüjüm edip, ýerli işgärleriň bäş sanysyny öldüripdiler.

XS
SM
MD
LG