Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe YD garşy Moskwa bilen 'işleşmäge taýýar'


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu

Türkiýe Siriýada "Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň garşysyna barýan söweşde Moskwa bilen hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu 4-nji iýulda Stambulda: "Biz Daeşe (Yslam döwleti) garşy söweşýän her bir döwlet bilen hyzmatdaşlyk ederis" diýdi.

Ol soňra hem Türkiýe "Yslam döwletine" garşy söweşde köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär, "biz Daeşe garşy söweşe işjeň gatnaşmak isleýänlere howa bazasy Injirligiň gapysyny açdyk" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Käbir habar serişdeleriniň garaýşyça, Türkiýäniň daşary işler ministriniň bu beýanaty Ankaranyň ýurduň günortasyndaky howa bazasyndan peýdalanmaga Moskwa ýol bermäge meýillidigini görkezýär.

Ýöne Çawuşoglu soňra žurnalistlere Orsýetiň bu bazadan peýdalanmagy barada başga beýanat bermekden saklandy.

Injirlikden Amerikanyň ýolbaşçylygynda "Yslam döwletine" garşy alnyp barylýan kampaniýa gatnaşýan döwletler - Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Germaniýa , Saud Arabystany we Katar - peýdalanýarlar.

Howa bazasy Injirlik Türkiýäniň Siriýa serhediniň golaýynda, Adana şäheriniň 8 kilometr demirgazygynda ýerleşýär.

Öten hepde Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Edogan noýabr aýynda Orsýetiň bir harby uçarynyň urlup ýykylmagy sebäpli Moskwa gynanç bildirdi. Moskwa hem Ankara bilen gatnaşyklary täzeden ýola goýmagy wada etdi.

Uçar urlup ýykylanyndan soňra Orsýet ykdysady gatnaşyklaryň ählisini diýen ýaly durzup, orsýetli turistlere Türkiýä dynç alşa gitmegi gadagan edipdi.

Çawuşogly uçaryň ýykylmagy zerarly soňky aýlarda dörän dartgynlylyga gytaklaýyn salgylanyp, munuň Moskwa bilen Ankaranyň özara hyzmatdaşlyk etmegi üçin ýene bir esas boup durýandygyny aýtdy.

Ol: "Bilelikde edilýän tagallalar oňaýsyz hadysalaryň öňüni almak üçin juda möhüm" diýdi.

Moskwa ara salym salman Ankaranyň beýanatyny oňat garşylady.

"Bu harby we syýasy nukdaýnazardan seljerilmeli çynlakaý beýanat" diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 4-nji iýulda Moskwada žurnalistlere aýtdy.

Türkiýe bilen Orsýet ikisi-de "Yslam döwletine" garşy. Ýöne Siriýa konfliktinde gapma-garşylykly tarapary tutýarlar. Ankara Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň garşydaşlaryny goldasa, Orseýet bilen Eýran Assady goldaýarlar.

Orsýetiň harby uçarlary Siriýanyň Latakia welaýatyndaky Hmeýmim howa bazasyny ulanýarlar.

XS
SM
MD
LG