Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel: Orsýetiň hereketleri Günbataryň ynamyny gowşadýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň Ukrainadaky hereketleriniň Günbatar we NATO-nyň Gündogar Ýewropadaky agza ýurtlary bilen özara ynamyna zeper ýetirýändigini aýtdy.

“Eger-de halkara kanunlarynyň güýji we serhetleriň eldegrilmezligi söz we hereket arkaly sorag astyna goýulýan bolsa, elbetde ynam ýitýär”, diýip Merkel 7-nji iýulda Germaniýanyň parlamentinde eden çykyşynda belledi.

Onuň bu çykyşy NATO-nyň 8-9-njy iýulda Warşawada geçirjek sammitiniň öňüsyrasyna gabat geldi. Sammitde Moskwanyň Gündogar Ýewropadaky hereketleri meselesi ýokary derejede maslahat ediler.

Häzirki wagtda NATO-nyň we Orsýetiň özara gatnaşyklary sowuk urşy döwründen bäri iň pes derejesine ýetdi.

Şol bir wagtda-da, Angela Merkel Günbataryň Orsýet bilen dialog alyp barmalydygyny belledi.

NATO we Orsýet 13-nji iýulda NATO-nyň Brusseldäki edarasynda gepleşik geçirmek barada ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG