Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň, Eýranyň we Azerbaýjanyň liderleri Bakuwda duşuşarlar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew. (çepden saga)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew. (çepden saga)

Orsýetiň, Eýranyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň öňümizdäki aý Bakuwda gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Ebrahim Rahimpuryň 13-nji iýulda beren maglumatyna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 8-nji awgustda azeri paýtagtynda Ylham Aliýew bilen duşuşarlar.

Bu beýanat, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow üç lideriň “regional hyzmatdaşlygyň täze formatynda” ýakynda duşuşyklary geçirjekdigini mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Bu duşuşygyň dowamynda üç lideriň ykdysady hyzmatdaşlyk, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we hazarýaka ýurtlaryň arasynda Hazar deňziniň eýeçiligini kesgitlejek Hazar deňziniň dokumenti baradaky Konwensiýa hakynda maslahat etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG