Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Nisedäki hüjümde azyndan 84 adam öldi


Fransiýanyň Nise şäherindäki ýowuz wakadan soň, ýaşaýjylar bir-birine goldaw berýär.
Fransiýanyň Nise şäherindäki ýowuz wakadan soň, ýaşaýjylar bir-birine goldaw berýär.

Fransiýanyň Nise şäherinde bir sürüji ýük ulagyny adamalaryň üstüne sürende azyndan 84 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy. 14-nji iýulda giçlik ýüze çykan bu wakada Nisedäki adamlar Bastilliýa gününi belleýärdiler.

Polisiýa ýük ulagynyň sürüjisiniň atylyp öldürilendigini habar berýär.​ Sürüji öz ýük ulagyny deňziň kenaryndaky feýerwerk dabarasyndan gaýdyp gelýän tomaşaçylaryň köpçüliginiň üstüne sürdi.

Niseniň häkimi ulagyň içindäki adamyň dabara gelenleri ýaragdan oka tutup başlandygyny habar berdi. Kristian Estrosi ýük ulagynyň içinden el granatlarynyň we ýaraglaryň tapylandygyny hem mälim etdi.

Nisedäki hüjümde onlarça adam öldi, ýaralandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Estrosi Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda: “Bu biziň şäherimiziň taryhyndaky iň ýowuz tragediýa. 70-den gowrak adam öldi” diýip ýazdy.

Fransuz parlamentiniň ýerli agzasy Erik Siotti (Eric Ciotti) “France Info” neşirine beren maglumatynda ýük ulagy polisiýa tarapyndan saklanylmazdan öň, ol “ýüzlerçe adam ot açdy” diýdi.

Resmiler wakada ölenleriň sanynyň 84-e ýetendigini, şeýle-de onlarça adamynyň ýaralandygyny aýdýarlar. Hüjümden birnäçe sagat soň, üsti ak kepeň bilen örtülen adamlaryň jesetlerini görmek bolýardy.

Nisedäki hüjümde azyndan 84 adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Parižiň Derňew edarasy terrorizm aýyplamalary boýunça derňewe başlady. Sürüjiniň şahsyýeti anyklanmady. Hüjümiň jogapkärçiligini hem häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Sürüjiniň şahsyýeti barada häzire çenli köpçülige maglumat berilmeýär. Emma polisiýanyň ýük ulagynyň içinde Tunisde dogulan 31 ýaşyndaky fransuz raýatynyň resminamalaryny tapandygy we onuň jenaýatçydygyna ynanylýandygy habar berilýär.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland muny “terroristik hüjüm” diýip häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu hüjümi ýazgaryp, çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG