Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan "arassalaýyş geçirjek" diýýär


Prezident Rejep Taýyp Erdogan Stambulda «özüniň hiç bir ýere gitmeýändigini» aýtdy.
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Stambulda «özüniň hiç bir ýere gitmeýändigini» aýtdy.

Türkiýede harbylaryň döwleti agdarmaga eden synanyşygy puç bolana meňzeýär.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan 16-njy iýulda dynç alyşdan dolanyp gelip,Stambulda toplanan goldawçylaryna «özüniň hiç bir ýere gitmeýändigini» aýtdy.

Erdogan öten agşam adam pidalaryna getiren gozalaňy «dönüklik» diýip häsiýetlendirdi.

Şeýle-de ol bu döwlet agdarylyşygyna synanyşanlara goldaw berenlere berk çäre görüljekdigini, harbylaryň içini ygrarsyz elementlerden saplap, berk arassalaýyş geçirmegi wada berdi.

«Olar bu dönüklik üçin berk jeza çekerler» diýip, Erdogan Stambul aeroportunda aýtdy.

Häkimiýetler döwlet agdarylyşygy synanyşygy mahalynda azyndan 60 adamyň öldürilendigini, şu wagta çenli ýaragly güýçleriň 754 agzasynyň tussag edilendigini aýtdylar.

Öldürilenleriň arasynda döwlet agdarmaga synanyşanlaryň azyndan 16 agzasynyň bardygy aýdylýar.

Resmileriň sözlerine görä, 5 general, 29 polkownik öz wezipelerinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG