Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: Fethullah Gülen kim?


Fethullah Gülen.

Fethullah Gülen.

Başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan köp salym geçmänkä, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen onuň töweregindäkiler özleriniň hökümeti agdarmaga synanyşýan "ýaşyryn döwlet" diýýänlerini aýyplap başladylar.

Bu syrlyrak dil Türkiýäniň daşarsyndaky adamlar üçin düşnüksiz bolsa-da, Amerikanyň Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan 75 ýaşly türk ruhanysynyň ünsüni derrew özüne çekdi.

"Ýaşyryn döwlete" türk resmileri salgynan badyna Fethullah Gülen özüniň döwlet agdarylyşygy synanyşygynda hiç bir halatda eliniň ýokdugyny aýtdy.

"Geçen 50 ýyllykda bolan ençeme harby döwlet agdarlyşygyndan ejir çeken adam hökmünde bu synanyşyk bilen ilteşikli diýlip aýyplanmak meni has-da kemsidýär" diýip Gülen aýtdy.

Ol soňra hem: "Men bular ýaly aýyplamalary düýbinden ret edýärin" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Iki ýaranyň arasy basym açyldy

Ýöne Fethullah Gülen kim we Erdoganyň hökümeti näme üçin döwleti agdarmak barada edilen synanyşykda onuň hereketini aýyplaýar?

1999-njy ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Gülen ozal Erdoganyň ýaranydy. Ol türk prezidentiniň dini taýdan konserwatiw bolan "Adalat we Galkynyş" partiýasynyň 2002-nji ýylda häkimiýet başyna gelmegine kömek etdi.

Fethullah Gülen we Rejep Taýýyp Erdogan.

Fethullah Gülen we Rejep Taýýyp Erdogan.

Ýöne iki ýaranyň arasy basym açyldy. Aýdylyşyna görä, muňa güýç-gudraty özara paýlaşmakda ýüze çykan meseleler, şeýle hem Erdoganyň awtoritar ýolbaşçylyk stili sebäp bolupdyr. Güleniň hereketi maý aýynda Türkiýede terroristik gurama diýip atlandyryldy.

1960-njy ýyllaryň aýaklarynda Izmiriň esasy metjidinde juma wagyzçylarynyň başlygy hökmünde şöhrat gazanan ruhany Gülen 1999-njy ýylda ýurduň dünýewi döwletiniň düýbüni gowşatmaga synanyşýanlykda aýyplanansoň meýletin sürgünlige gitdi.

Oňa bildirilýan aýyplamalar soňra ýatyrylsa-da, ol Birleşen Ştatlarda galdy. Onuň "Hyzmat" hereketi musulman dünýäsinde dine daýanýan iň uly raýat guramalarynyň biri hasaplanýar. Millionlarça adamyň onuň yzyna eýerip, oňa maliýe kömegini berýändigine, sany müň töweregi bolan dershananyň 150 ýurtda talyplary uniwersitetleriň giriş synaglaryna taýýarlaýandygyna ynanylýar.

Erdogan ozal hem Güleni hereketini aýyplady

Konserwatiw dini gymmatlyklar bilen birlikde halka hyzmat etmegi nygtaýan "Hyzmat" hereketi, umuman, yslamyň aram formasynyň tarapdary hasaplanylýar. Ýöne öz dershanalary arkaly gurply söwdagärler bilen studentleriň arasynda bir ulgam döredýänligi üçin käbir hökümetler oňa howp diýip garaýarlar.

Bu merkezleri maliýeleşdirýänler söwdagärler bilen köplenç garyp maşgalalardan bolan studentler. Tankytçylar garyp studentleriň formal halkara strukturasy we resmi agzalar sanawy ýok herekete aňsatlyk bilen çekilýändigini belleýärler. Agzalar özleriniň gowşak ýaranlykda bile işleşýändiklerini aýdýarlar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy çökensoň Orta Aziýada Güleniň mekedepleri ilki oňat garşylandy. Ýöne soňra regionyň awtoritar hökümetleri olar yslamçy işjeňligi wagyz edýärler diýensoň, bu merkezler Güleniň hereketiniň elinden çykaryldy. Ýöne hereketiň Türkiýedäki ýaly basyş astyna düşen ýeri ýok. Bu ýerde Erdoganyň hökümeti Güleniň yzyna eýerýänleri özleriniň türk döwletiniň içindäki orunlaryndan peýdalanyp, hökümeti gowşatmaga, häkimiýeti öz ellerine geçirmäge synanyşýanlykda dowamly aýyplap gelýär.

Erdogan ozal hem Gülen hereketini öz administrasiýasyny garalamaga synanyşýanlykda aýyplady. Aýratyn-da, 2013-njy ýylda bolan korrupsiýa skandalynda onuň ýakyn ýaranlary aýyplandy. Şonda resmiler döwletiň pullaryndan peýdalanyp, Eýrana altyn ibermekde, şeýdip Tährana ýadro programmasy sebäpli girizilen halkara sanksiýalaryndan sypmaga ýardam etmekde günälendiler.

“Ýokary baha tölemegimize sebäp boldy”

Bu skandaldan soňra hökümet korrupsiýa derňewleri bilen baglanyşykly bolan köpsanly prokurorlary we ýokary derejeli resmileri işden boşatdy. Erdogan halka Türkiýäni dargatmak maksady onuň üstüne abanýan "gara güýçlerden" goramagyň zerurdygyny aýtdy. Öten ýyl hem Güleniň Türkiýedäki mekdeplerinde hökümetiň ynanýan adamlaryny ýerleşdirmek bilen bu mekdepleri hem onuň hereketiniň elinden almak Edogana başartdy.

Türkiýede harby döwlet agdarylyşygynyň başa barmazlygy bilen indi Erdoganyň Güleniň ýurt içindäki hereketini dargatmak boýunça alyp barýan tagallalaryny güýçlendirjekdigi görnüp dur.

Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň stabynyň ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Ümit Dündar 16-njy iýulda çykarylan bir beýannamada harbylaryň "parallel strukturanyň" agzlaryny öz hatarlaryndan çykarmaga kararlydygyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binaly Ýyldyrym hem 16-njy iýulda Fethullah Gülene gaçybatalga beren döwlet Türkiýäni dosty bolmaz diýdi. Ankara Waşingtonyň Fethullah Güleni Türkiýä ekstradisiýa etmegini umyt edýändigini aýtsa-da, Ýyldyrym Birleşen Ştatlaryň adyny agzanok.

Şeýle hem Ýyldyrym Ankaranyň Gülen barada öz aladalaryny aýtmagyna Waşingtonyň düşünmändigini gytaklaýyn tankytlap: "Bu biziň ýokary baha tölemegimize sebäp boldy" diýdi.

Waşington gytaklaýyn edilen bu tankyda entek jogap berenok.

XS
SM
MD
LG