Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW, AI Ukrain hökümetini, separatistleri raýatlary gynamakda aýyplady


Tanýa Lokşina, Human Rights Watch (HRW) guramasynyň wekili
Tanýa Lokşina, Human Rights Watch (HRW) guramasynyň wekili

Gündogar Ukrainada konfliktdäki taraplaryň ikisi-de raýatlary eden-etdilikli saklamak, ýitirim etmek we gynamak işine baş goşdular, diýlip, adam hukuklaryny goraýjy iki guramanyň bilelikdäki hasabatynda aýdylýar.

Amnesty International we Human Rights Watch guramalary 21-nji iýulda çap eden hasabatynda Ukrainanyň häkimiýetlerini we Kiýewe taraplar ýarym harby toparlary orsýetçi separatistler bilen gatnaşykda güman edilýän raýatlary saklamakda aýypladylar.

Käbir ýagdaýlarda tussaglar ýesirleri çalyşmak üçin gepleşiklerde gural hökmünde ulanyldy, diýlip hasabatda bellendi.

Guramalar konfliktdäki iki tarapyň eden-etlikler, uzaldylan tussaglyklar, bilen baglydygy aýdylýan 18 sany waka seretdiler. 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainadaky konflikt zerarly 9800-den gowrak adamyň wepat bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG