Sepleriň elýeterliligi

Eýran: 'Terrorçy toparyň' serhetden geçmeginiň öni alyndy


Türkiýäniň we Eýranyň özara serhedi

Türkiýäniň we Eýranyň özara serhedi

Eýranyň Rewolýusion gwardiýasy ýurduň Türkiýe bilen serhedinden “terrorçy toparlaryň” geçmeginiň öňüni böwetledi, diýip Rewolýusion gwardiýanyň ýolbaşçysy 21-nji iýulda aýtdy.

IRNA täzelikler agentligi Edaranyň Salmas şäherindäki ýolbaşçysy Alireza Madaniniň aýdan sözlerine salgylanyp, şeýle ýagdaýyň Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynda Salmas şäherinden 25 kilometr uzaklykda ýüze çykandygyny aýtdy.

Madani “Türkiýä geçmäge synanyşan iki terrorçydan biriniň ele salnandygyny, beýlekisiniň harbylaryň amala aşyran çäresiniň dowamynda atlyp öldürilendigini” aýtdy.

Soňky hepdelerde Eýranyň ýaragly güýçleriniň we kürt söweşijileirniň arasynda birnäçe çaknyşyklar bolupdy.

Iýul aýynyň başynda günbatar Kermanşah regionynda eýranly kanun çykaryjy, ýeri resmi ýaralandy we olar bilen bilen syýahat eden ulag sürüjisi hem weterinar janlaryna kast edilip öldürildi.

XS
SM
MD
LG