Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunheniň Söwda merkezinde 9 adam öldürildi


Wideo Mýunhendäki atyşygy görkezýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:13 0:00

Wideo Mýunhendäki atyşygy görkezýär

Germaniýanyň günortasyndaky Mýunhen şäherindäki bir söwda merkezinde ýüze çykan ok atyşykda azyndan 9 adam öldürildi. Bu barada Germaniýanyň polisiýasy maglumat berýär.

22-nji iýulda Olympia Einkaufszentrum söwda merkezinde ýüze çykan ok atyşykdan soň, sebite Germaniýanyň ýörite güýçleri çekildi.

Mýunheniň söwda merkezinde ok atyşyk boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Germaniýanyň Mýunhen şäherinde, Söwda merkezinde bolan atyşygyň günäkäriniň ýeke adamdygy belli bolanyndan soň we ol adamyň özüni öldürmegi bilen, polisiýa güman edilýän ýaragly adamlary gözlemegini togtatdy.

Bu atyşykda azyndan 9 adam öldürildi. Şäher häkimiýetleri 23-nji iýulda adatdan daşary ýagdaý düzgünini bes etdiler we dowla düşen mýunhenlilelere seresaplyk bilen hemme zadyň kadalaşýandygyny aýtdylar.

Ýogsa, 2,300 çemesi organ işgäri şähere dökülip, 3 diýlip hasaplanylan ýaraglary adamlary gözlän wagty ýaşaýjylara öýden çykmazlyk, mähelleli ýerlerden gaça durmak maslahat berlipdi.

Olympia söwda merkeziniň töweregi
Olympia söwda merkeziniň töweregi

Mýunheniň polisiýasynyň metbugat-wekili Thomas Baumannyň dpa habar agentligine beren maglumatyna görä, ok atyşyk ýerli wagt bilen sagt 18:00 töweregi, söwda merkeziniň garbanyşhanalarynyň birinde ýüze çykypdyr. Ol hüjümçiniň ýeke özüniň hereket edendigini ýa-da muny söweşijileriň bir toparynyň amala aşyrandygy barada häzirlikçe maglumatlarynyň ýokdugyny aýtdy.

Bild neşiri hüjümçiniň Olimpiýa şäheriniň golaýyndaky söwda merkezinde adamlary oka tutup, soňy bilen metro tarap gaçyp gidendigini ýazýar.

Ok atyşykdan soň polisiýa territoriýany petikledi.

Mýunheniň polisiýasy Twitter hasabynda “söwda merkezinde giň gerimli operasiýanyň geçirilýändigini” habar berdi.

Telewideniýe sebite gelen onlarça tiz kömek ulaglaryny görkezdi.

Mýunheniň transport resmileri ençeme awtobus, tramwaý we metro gatnawlaryny togtadandyklaryny mälim etdiler.

Güman edilýän ýeke ýaraglynyň jesedi Olimpia Einkaufszentrum söwda merkezinden 1 km çemesi uzaklykda tapyldy. Ol, görnüşinden, özüni kellesinden atyp öldürene meňzeýär diýip, polisiýa aýtdy.

Öli tapylan we 18 ýaşyndaky eýran asylly german diýlip tanadylan ýaragly adam Mýunhende ýaşaýan eken we häkimiýetler onuň bu işi näme üçin edendiginiň belli däldigini aýtdylar.

Polisiýa onuň öldüren adamlarynyň sanynyň, biraz soň hassahanada ok ýarasyndan ölen adam bilen, 9-a ýetendigini aýtdy.

Bu atyşykda azyndan 21 adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG