Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan, Türkmenistan, Türkiýe Trans-Hazary maslahat ederler


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda, 23-nji dekabr, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda, 23-nji dekabr, 2016.

Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň prezidentleriniň ýylyň aýagyna çenli sammit geçirmegi planlaşdyrylýar diýlip, Azerbaýjanyň mediasy habar berýär.

Üç ýurduň arasyndaky gepleşiklere ýakyn çeşmä salgylanmak bilen berilýän maglumata görä, Türkmenistanda geçirilmegi planlaşdyrylýan ýokary derejeli gepleşikde, hususan-da, Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygy ara alnyp maslahat ediler, diýip Trend agentligi berlleýär.

Hazar deňziniň düýbünden çekiljek gazgeçiriji arkaly türkmen gazyny Azerbaýjanyň üstünden Türkiýä akdyrmak boýunça proýekt 2015-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen köptaraplaýyn gepleşiklerde maslahat edilipdi. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça deklarasiýa gol çekilipdi.

Azerbaýjan proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin köptaraplaýyn goldaw bildirýär. Türkmenistan kanuny statusy kesgitlenmedik Hazar deňziniň üsti bilen gazgeçirijiniň durmuşa geçirilmegi üçin proýekte gatnaşýan taraplaryň razylygy ýeterlik diýip hasap edýär.

XS
SM
MD
LG