Sepleriň elýeterliligi

Obama hat ogurlygyny ruslardan görýär


Prezident Barak Obama

Prezident Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama geçen hepde Demokratik partiýanyň elektron hatlarynyň esasy syzdyrylmasynyň arkasynda, Amerikan saýlawlaryna täsir ýetirmek maksady bilen, Orsýetiň duran bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

"Hemme zat mümkin" diýip, Obama 26-njy iýulda NBC News bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Demokratik milli komitetden syzdyrylan müňlerçe elektron hat, ýokary partiýa liderleriniň onuň esasy bäsdeşi Berni Sanders bilen bäsleşiginde bitarap bolmagy wada berendiklerine garamazdan, Hillari Klintona gol ýapandyklaryny görkezdi.

Bu ýagdaý Klintonyň Filadelfiýadaky konwensiýada öz partiýasynyň resmi kandidatlyk tassyklamasyny almagynyň öň ýanynda dörän alasarmyklyga sebäp boldy.

Amerikan prezidentiniň sözlerine görä, häzir Federal derňew býurosy Demokratik komitetiň elektron hatlaryny kimiň ogurlandygyny we WikiLeakse syzdyrandygyny derňeýär.

"Men ekspertleriň muny ruslar bilen baglanyşdyrýandygyny bilýärin" diýip, Obama aýtdy.

"Biz ruslaryň biziň sistemalarymyza, diňe hökümet sistemalarymyza däl, hususy sistemalarymyza hem hakerlik edýändigini bilýäris" diýip, ol aýtdy.

"Bu syzdyrmalaryň motiwi barada aýdylanda, men göni bir zat aýdyp biljek däl, emma hemme zat mümkin, şol sanda Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanyşýan bolmagy-da ahmal" diýip, prezident aýtdy.

Obama Ak tam ugrundaky bäsleşikde Klintonyň respublikan garşydaşyny, Donald Trampy nazarda tutup, onuň gaýta-gaýta rus prezidenti Wladimir Putine bolan simpatiýasyny bildirendigine, şeýle-de onuň «Yslam döwleti» topary bilen göreşmek ýaly global problemalary çözmekde Orsýet bilen has ýakyndan işleşmek isleýändigine ünsi çekdi.

"Men muny Trampyň öz aýdan zatlaryna esaslanyp aýdýaryn we, meniň pikirimçe, Tramp Orsýetde has eglişikli tanadylýar» diýip, prezident Obama aýtdy.

XS
SM
MD
LG