Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 250-den gowrak sportsmeni Rio iberýär


Orsýetiň Olimpia topary we Patriarh Kirill (ortada), Moskwa, 27-nji iýul, 2016.
Orsýetiň Olimpia topary we Patriarh Kirill (ortada), Moskwa, 27-nji iýul, 2016.

Orsýet 250 sany sportsmeniň indiki aýda Rioda geçiriljek Olimpia oýunlaryna gatnaşyp bilýändigini aýtdy. Şol bir wagtda-da prezident Wladimir Putin 100 sany orsýetli sportsmeniň doping bilen baglylykda oýunlardan çetleşdirilmegini “diskriminasiýa” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň Olimpia komitetiniň başlygy Aleksandr Žukowyň 26-njy iýulda aýtmagyna görä, Orsýetiň 387 sany olimpik sportsmenlerinden 250-den gowragy Olimpiada gatnaşmak üçin aklanypdyr. Muňa garamazdan, Orsýetiň ýene 100-den gowrak sportsmen doping synaglaryndan geçip bilmändigi we dopingiň ulanylmagynyň döwlet tarapyndan ýaşyrylmagy bilen baglylykda halkara oýunlaryna gatnaşmakdan çetleşdirildi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin gadagançylygyň doping synagyndan geçmekde hiç wagtda şowsuzlyga uçramadyk Ýelena Isinbaýewa ýaly sport ýyldyzlaryna hem ýaramaz täsir ýetirendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG