Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask Aleppodan 169 adam çykdy diýýär


Aleppo, 28-nji iýul, 2016
Aleppo, 28-nji iýul, 2016

Siriýanyň döwlet mediasy 30-njy iýulda daşy gabalan Aleppo şäheriniň gündogar bölegini jemi 169 ýaşaýjynyň, esasan aýal adamlaryň terk edendigini aýtdy.

Moskwa we Damask adamlary şäheriň oppozisiýanyň elindäki ýerlerinden ewakuasiýa etmek üçin «howpsuz koridor» döredendigini aýdýar.

Emma Aleppodaky oppozisiýa güýçleri bu habarlary propaganda hökmünde ret etdi. Olar oppozisiýanyň elindäki çak edilýän geçelgeleriň dördüsinden üçüsiniň 30-njy iýula çenli açyk bolmandygyny aýtdylar.

Alepponyň pitneçileriň kontrolyndaky böleginde 250,000 ýaşaýjynyň çykyp bilmän galandygy çaklanylýar. Eger diýilýän koridor işlän halatynda hem, ýaşaýjylaryň aglaba köplügi Moskwanyň we Damaskyň teklibine ynananlaryndan azyk gytçylygy we dowam edýän söweş bilen galanlaryny ibaly görer öýdülýär.

Siriýanyň döwlet mediasynyň habarlarynda ýaragly oppozisiýa söweşijileriniň hem ol koridordan geçip, Damaskyň teklip edýän günä geçişini almak üçin, hökümet goşunlaryna ýesir düşendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG