Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaýly aktiwiste üç ýyl kesildi


Hytaýly hukuk goraýjy aktiwist Žaý Ýanmin döwletiň durnuklylygyny bozmaga synanyşmakda günäli tapyldy.

55 ýaşyndaky Žaý 2015-nji ýylyň iýul aýyndan bäri kanuny aktiwizme edilýän basyşyň çäginde tussag edilen onlarça aklawçynyň we aktiwistiň arasyndady. Olaryň aglabasy tussaglykdan boşadyldy.

2-nji awgustda basyşlardan bäri geçirilen ilkinji sud diňlenişiginde Tianjin şäheriniň sudy Žaýy üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Žaýyň “Fengrui” kanunçylyk firmasynyň başga-da üç aktiwisti Tianjinde sud edilýär.

XS
SM
MD
LG